GENERAL

Türkmenistanyň Ilçisiniň Filippinler Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurmagy

2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tokio ş.) Gurbanmämmet Elýasow  Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrigo Roa Dutertä öz ynanç hatlaryny gowşurdy.

Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Filippinler Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Rodrigo Roa Duterte Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmegiň wajyplygyny belledi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gelip gowşan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň we halkynyň adyna  parahatçylyk we ösüş baradaky özüniň iň gowy arzuwlaryny ýollady.

 

Related posts

Özel sektörde kayda değer başarı kazanılıyor

vepa

Hazar’da kaçak avcılığa karşı mücadele

vepa

A meeting with the regional director of UNICEF for Europe and Central Asia

vepa