GENERAL

Türkmen wekiliýetiň Germaniýa sapary

2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna sapary başlady.

Saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti tarapyndan gurnalan “Esasy üns Gündogar Ýewropa tarap  –  işewürler gepleşikde” atly maslahata gatnaşdylar. Bu maslahat iri nemes kompaniýalarynyň, banklarynyň hem-de Germaniýanyň söwda edaralarynyň 250-den gowrak töweregi ýolbaşçylaryny we wekillerini ýygnandy.

Maslahatda çykyş etmek bilen, Daşary işler ministri gatnaşyjylary Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysadyýet strategiýasy bilen tanyşdyrdy we türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşindäki geljegini belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdiriýetiniň başlygy jenap Wolfang Býuhel bilen hem-de nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklarda energetika, ulag we beýleki birnäçe ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýeti “Margiana – Türkmenistanyň territoriýasyndaky bürünç eýýamynyň şalygy” atly sergä gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Germaniýa sapary dowam edýär.

Ýene-de okaň

Transport and telecommunications issues were discussed between Azerbaijan and Turkmenistan

Seychelles Foreign Minister’s first visit to Turkmenistan

Türkiye’s Culture Route Festivals Hit New Heights with 26 Cities

Türkiye for All Ages: The Destination for A Multi-Generation Family Escape

Turkmen Proverbs Published on the Barnes & Noble Platform

Turkmenistan’s Permanent Representative Presents Credentials to the UN Secretary-General