GENERAL

«The Sun» :Routerden netijeli peýdalanmagyň ýollary

Dünýäniň iň meşhur neşirleriniň biri bolan «The Sunda» wi-fi internet paýlaýjy enjamdan ― routerden netijeli peýdalanmagyň ýollary barada habar çap edildi. Ýurdumyzda kabelsiz internetiň müşderileriniň barha köpelýändigini nazarda tutup, berilýän maslahatlary saýtymyzyň okyjylary bilen hem paýlaşmagy makul bildik.

1. Ulanýan internet brauzeriňiziň keşini ýygy-ýygydan täzeläp, arassalap duruň!

2. Brazuzeriň iň täze nusgasyny ulanmak hem internetiň tizligini artdyrmakda peýdalydyr.

3. Kompýuterdäki wiruslar hem interneti haýalladyp bilýär. Şonuň üçin ygtybarly gorag programmasy hemişelik işläp dursa gowy.

4. Işleýän esasy penjiräňizden başga, arka penjilerde hem internet bilen işleýän hyzmatlar bolmagy mümkin. Eger şu wagt zerur däl bolsa, şolaryň öçürişdiriň. Aslynda-da, «Ýumuşlaryň dolandyryjysy» (Диспетчер задач) hyzmaty bilen olaryň arka penjirede işlemegini hemişelik bes etseňiz gowy bolar.

5. Routeri, mümkin boldugyndan, belent ýerde saklaň. Şeýle edilende internet tolkuny has uly aralyga ýaýraýar.
6. Routeri penjireden uzak tutmak hem maslahat berilýär. Goý, tolkun başga giňişliklere ýaýramasyn!
7. Mümkin bolsa, ony akwariuma golaý ýerde-de goýmaň! Suw tolkuny üzýär.
8. Gizlin açar sözüňiz juda ygtybarly bolsun! Eger şeýle bolsa, wi-fidan sizden başga adam peýdalanyp bilmez.

Ýene-de okaň

What to taste in İzmir: Exploring Türkiye’s Aegean Flavours

Meeting of the Deputy Ministers of Foreign Affairs of Turkmenistan and the Republic of Armenia

Foreign ministers of Turkmenistan and Iran had a telephone conversation

Azerbaijani opera performers take stage at TURKSOY Gala in Ashgabat

The Ambassador of Turkmenistan met with Assistant Secretary Paul Kapur

Ambassador of Turkmenistan Met with the CEO of Dragon Oil