WORLD

«Tepe Türkmen» eksport harytlarynyň sergisinde

Düýn  paýtagtymyzdaky Söwda we senagat edarasynda 15 – 17-nji dekabar aralagynda dowam etjek Türkiýe respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Ol ýerde Türkiýe döwletinde hereket edýän birnäçe hususy firmalaryň wekilleri alyp barýan işleri bilen sergä gatnaşyjylary tanyş etdiler. Ol ýerde biz hem şol wekiller bilen söhbetdeş bolup, işleri bilen doly tanyşdyk. Şolardan käbirlerini  saýtymyzyň okyjylaryna ýetirýäris. Söhbetdeşlikde «Tepe Tükmen» firmasynyň maliýe bölüminiň müdiri Yavuz Tercan.

 – «Tepe Türkmen» firmasynyň Türkmenistanda ýerleşýän ýeri nire we ol bu ýerde näçe ýyldan bäri hereket edýär?

 – Biz Türkmenistana 2012-nji ýylda gelipdik. Şondan soň hem bu ýurduň bäş welaýatyna-da, has takygy, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde, Mary welaýatynyň Altyn sähra etrabynda, Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk, Beýik Türkmenbaşy etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 50 müň tonnalyk elewatorlary gurduk. Mundan başga-da Ahal welaýatynyň Babadaýhan ettrabynda, Mary welaýatynyň Garagum etrabynda hem 30 müň tonnalyk elewatorlary gurduk we olar häzirki wagtda iş ýüzünde ulanylýar.  2015-nji ýylyň fewral aýynda bolsa, aýna fabriginiň gurluşygyna başladyk. Şu ýylyň fewralynda hem onuň açylyş dabarasy boldy.

 

– Firmanyň merkezi Türkiýäniň haýsy şäherinde?

– Firmamyzyň düýp merkezi Türkiýäniň Ankara şäherinde ýerleşýär.

– Häzirki wagtda «Tepe Inşaatyň» dünýäniň haýsy ýurtlarynda bölümçeleri bar?

–  Esasy 3 döwletde, ýagny Russiýada – «Tepe Russiýa», Türkmenistanda – «Tepe Türkmen»», Amerikada – «Tepe USA». Galyberse-de, dünýäniň 14 döwletinde bölümçeler bolup, olar bilen işler dowam edilýär.

        – Beren maglumatllaryňyz üçin sag boluň! Işleriňizde üstünlikler ýar bolsun!

        – Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Aýbölek ABDYÝEWA,

«Atawatan Türkmenistan» halkara

Žurnalynyň habarçysy.

Ýene-de okaň

Priority areas of cooperation between Turkmenistan and UNESCAP were discussed

Сooperation with the UN Regional Centre for Preventive Diplomacy for Central Asia were discussed at the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan

The Minister of Foreign Affairs met with the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Islamic Republic of Iran to Turkmenistan

Present vectors of Turkmen-Azerbaijani ties discussed

Wellbeing, the Turkish Way: A Holistic Escape

Explore the magic of İstanbul: Europe’s Most Desirable City