GENERAL

Sen Güneşsiň

Sen Güneşsiň! Gözlerimi şöhleleriňe gapdyrmaga gorkanym. Çyragyň bilen çoýýarsyň buza dönen tekepbir kalbymy. Tylla tyglaryňy görmäge zaryny çekenim, muňa garamazdan, elmydama nazar aýlamaga ejap edenimsiň sen. Nurlandy gözlerim saňa duşan ilknji gününde. Içimdäki yşk ataşym gözlerimde janlanýar hemem. Didelerim-de saňa bolan söýgimiň beýany.

Sen Güneşsiň! Erkimi elimden alanym. Kalbymyň töründe yşk oduny kör edenim. Sen maňa diňe söýgini däl, dünýäleri bagyş etdiň. Bu gussaly köňlümiň solan güllerine jan berdiň. Ganatlandyrdyň, kalbymdaky arman bolan hyýallarymy. Ýazlara döndürdiň ýürekdäki dumanly, gara gyşlarymy.

Sen Güneşsiň! Ýörejek ýollaryma ýalkym saçanym. Garaňky gijäniň tümlüginde asmanda dogan Aý mysalysyň. Dogrusy, öňler durmuş gapysynyň haýsy birinden girjegimi bilmezdim. Saýaňda  ýüregimiň emrine ymtylyp, haýsy ýodadan ilkinji ädimlerimi ätmelidigini öwrendim. Ol ýodalarda yşk heseri bilen alawlaýan kalbymda dörän arzuw-umytlaryma gowuşdym.

Emma bu gün içimde söýgi uçgunlaryny döreden ol şöhleleriň gursagymda hemişelik orun almajagyna düşündim.

Asmandaky nurly Gün kibidiň! Ýöne araňyzdaky ýeke-täk tapawut – ol batandan soň ýüreklerde müň bir umyt oýaryp, täzeden alnymyzdan dogýar, a sen bolsa mendäki ýekeje ýadygärligiňi – saňa bolan söýgimi hem alyp, gitdiň gijäniň tümlügine tarap. Ýüregim boşap galdy sensiz. Senden maňa galan zat bolsa – ýüregimdäki sensizligiň yzasy, gözlerimdäki ýalňyzlyk gözýaşlarynyň yzy boldy.

Aslynda meni söýmejegiňi bile-bile, şöhleleriňde alawlap ýanjagymy bile-bile söýdüm seni. Seni söýmekden hiç pursat el çekmedim. Saňa bolan söýgimi gizledim kalbymyň iň gizli künjeginde.

Sen Güneşimsiň! Gyz ýüregimde ilkinji söýgini döreden mähribanymsyň! Häzir kimiň alnyndan dogup, kimiň ýüreginde söýgi oduny tutaşdyrýanyňy bilemok. Her niçik-de bolsa, sen meniň ilkinji söýgim bolup, aklymda we ruhumda müdimilik galarsyň!

Aýzada GURBANOWA

Balkan welaýatynyň Serdar etraby

 

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Ýene-de okaň

Ambassador of Turkmenistan Meets with U.S.-Turkmenistan Business Council Representatives

Delegation of Turkmenistan attended the Tashkent International Migration Forum

The Delegation of Turkmenistan Participates in the Education World Forum in London

Turkmenistan stands against any form of Taiwan independence

On the Meeting with the Director of the WTO Accession Division

The delegation of Turkmenistan is taking part in the 79th session of the World Health Assembly

Ata Watan Eserleri