WORLD

«Samsung» wertikal telewizor öndürdi. Näme üçin?

43 dýumly, «Sero» kysymly täze telewizoryň öndürilmeginiň esasy sebäbi mobil telefonlaryndaky wideogörnüşi has uly ekranda görmekden ybaratdyr.

Täze telewizory NFC tehnologiýanyň kömegi bilen smartfona baglap bolýar. Ondan soňra ol adaty işleýiş tertibinde işlär.

Täze telewizory saz merkezi hökmünde ulanmak hem mümkindir. Munuň onda goşmaça enjamlaryň hem birnäçesi ýerleşdirildi.

«Samsung» kompaniýasy täze telewizoryň Koreýa Respublikasynda maý aýynyň ahyrynda 1 müň 600 dollardan satlyga çykjakdygyny habar berýär. Täze telewizoryň beýleki döwletde haçan satylyp başlanjakdygy barada heniz belli bir maglumat ýok.

Related posts

Kazan hosted a bike ride in honor of World Bicycle Day

Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginde täze ýagdaýlar

vepa

“Structural dialogue” between the Ministries of Foreign Affairs of Turkmenistan and Great Britain continued its work