Sallançakdan soňky ilkinji hereket

Sallançakdan alnyp, ýüzin ýatyrylan çagajygyň ilkinji hereketlerinden biri-de emeklemek ýa-da emedeklemek hereketidir. Bu herekete çaganyň elleri, döşi, garny we aýaklarynyň dyzlary işjeň gatnaşýar. Netijede çagajyk ýuwaş-ýuwaşdan öňe süýşenekläp başlaýar. Häzirki wagtda kabir döwletlerde çagalaryň emeklemek, emedeklemek boýunça ýaryşlary geçirilýär.

Sallançakdan soňky ikinji hereket. Bu hereket çaganyň ýerinden ýokaryk turmagy bilen baglanyşykly hereketdir.

Turmak… Ýerden ýokary galmak, çaganyň öz güýji bilen aýaklarynyň üstünde durmak bilen baglanyşykly hereketi. Başgaça aýdylanda, çaganyň emeklemekden, emedeklemekden soňky hereketlilik döwri…

Garaýşyny, pikirini söz bilen düşündirip bilmese-de, emekleýän, emedekleýän çagajygyň özboluşly maksadynyň bardygy, şoňa ymtylýandygy bellidir. Ynha, şolaryň biri, bar güýjüni bir ýere jemläp, ýerinden turmak, ör-boýuna galmak… Türkmenler bu hereketiň manydyr mazmunyndan ugur alyp, ony ýörite adalga bilen atlandyrypdyrlar. Çaganyň şol döwürdäki hereketi bilen baglanyşykly häzirki wagtda dilimize “turdy-turdy”, “turdy-turdy bolmak”  ýaly söz düzümleri hem giripdir.

Sallançakdan soňky üçünji hereket. Durmak… Ýokary turup, ýykylman, göwräňi deňagramlylykda saklap bilmek. Käwagt  “turdy-turdy”  bilen garyşdyrylýan bu hereket aslynda “turdy-turdy” hereketiniň dowamydyr.  Türkmenler muny-da işlik bilen atlandyrýarlar, başgaça aýdylanda, oňa “durdy-durdy” diýilýär. “Durdy-durdy” ýokary turan çaganyň öz deňagramlylygyny saklap, aýak ütünde durup bilmegi üçin aýdylýar. Onuň esasy maksady ýerinden ýokaryk turan çaganyň öz aýaklarynyň üstünde köp wagtlap durup bilme çydamlylygyny artdyrmakdyr.

Sallançakdan soňky dördünji hereket. Nobatdaky we soňky hereket ýöremek bilen baglanyşykly işlikdir. Türkmen diliniň çagalar bilen baglanyşykly sözlük hazynasynda muňa “ýörjen-ýörjen”, “ýörjen-ýörjen bolmak” diýilýär. Türkmen dilinde ýazylan eserlerde çagalaryň leksikasyna degişli köp sanly mysallara duş gelmek bolýar. Şolardan bir nusga bilen tanşalyň: “Abdylmälik emir gyzjagazy sekiz-on aýlykka – durdy-durdy bolanda, soň ýörjen-ýörjen bolanda zamahşarlylary ýygnap toý berdi. Ol toýlaryň yzy üzülmedi.” [Osman Ödäýew. Altynjan Hatyn. Roman.Birinji jilt, Aşgabat, 2012:28].

Çaga, sallançak, hereketlilik üçburçlugy… Bu üçburçlugyň merkezinde durup, çagalaryň leksikasy we gürrüňi edilýän leksikanyň işliklerine degişli köp sanly sözleri ýygnamak mümkindir. Şol sözleriň käbir nusgalary bilen tanyşmak üçin aşakdaky mysallary görkezmek bolar:

Sallançak bilen baglanyşykly leksika: sallançagyň bagy (sallançak bagy), sallançagyň ýüpi (sallançak ýüpi), sallançagyň agajy (sallançak agajy), sallançagyň dogajygy (sallançak dogajygy), sallançak keçesi, sallançak kilimi, sallançak palasy…

Sallançak bilen baglanyşykly işlikler:

sallançagyň ýüpüni çekmek, sallançagyň bagyny çekmek, sallançagyň agajyny goýmak, sallançaga salmak, sallançaga goýmak, sallançagy gurnamak, sallançagy üwremek, sallançagy çözmek, sallançakda ýatyrmak, sallançakda ýerleşdirmek, sallançakdan almak, sallançakdan düşürmek, sallançakdan çykarmak….

Çagany hüwdülemek bilen baglanyşykly işlikler: hüwdi aýtmak, hüwwälemek, hüwdülemek, allalamak, allan-allan etmek, allaý-allaý etmek…

Çaganyň hereketi bilen baglanyşykly işlikler: emedeklemek, emeklemek, süýşmek, süýşeneklemek, gozganmak, müňzemek, omzamak, depirjiklemek, turmak, turdy-turdy bolmak, durmak, durdy-durdy bolmak, ýöremek, ýörjen-ýörjen bolmak, ädim ätmek, ädim atmak, ätmek…

Sözköki bilen meşgullanýan alymlara ýatlatma häsiýetli käbir maslahaty hödürlemekligi ýerlikli hasapladyk:

1.Türgen, türgenleşme, türgenleşik ýaly sözleriň köküniň çagalyk döwründe köp ulanylýan “turdy-turdy” (turgan) / “durdy-durdy” (durgan) sözleri bilen deňeşdirilmegi belki geljek üçin peýdaly bolup biler.

2.Türk dilinde “ýörük” / “ýürük” (türkmençesi ýüwrük)  diýen sözler bar. Bu sözler hemişe hereketde bolýan, göçer-gonarlyk edýänler ilat üçin ulanylypdyr. Bularyň hem esasy köki “ýöremekden” (ýörjen-ýörjenden) gözlenilse, ýerlikli bolar.  Şeýle deňeşdirmelere köp nusgalary görkezip bolar, bu geljekde edilmeli işleriň hataryna degişlidir.

Netije ýerine… Sallançak we sallançakdaky çaga bilen baglanyşykly hereketleriň nähili görnüşleriniň bolup biljekdigi baradaky soraga anyk hem-de doly jogap bermek üçin öňi bilen dürli ugurlar boýunça hünärmenlerden ybarat bolan ýörite bir topar düzülmeli. Bu topara çaga doktory-da, eneke-de, pedagog-da, türgen-de, dilçidir edebiýatçy-da … gatnaşmalydyr. Esasanam, “lalyň gepine düşýän” – ene-de, “sözlere syntgy berýän” – ata-da bu toparyň başynda orun almalydyr. Halka, köpçülige degişli hereket bilelikde öwrenilse, dogry netije berer…

Bu parça Dr. Berdi Saryýewiň  “Türkmenlerde sport sallançakdan başlanýar” atly eserinden bir bölek.

 

Related posts

ADNOC ’s XRG and Turkmenistan: A New Caspian Chapter

From Virtual Assets to International Arbitration: Day Two of the Turkmenistan Investment Forum 2026

Dragon Oil: From Long-Term Operations to New Caspian Opportunities

İstanbul to Host the ‘2027 Spanish Super Cup’

Ata Watan Eserleri

First TIF 2026 Participants Arrive in Ashgabat: The Forum Begins with a Journey into Turkmenistan’s History

Ashgabat ready for Turkmenistan Investment Forum 2026

Turkmenistan and Azerbaijan interparliamentary cooperation discussed

Future of “Central Asia – China” Customs Control Discussed in Urumqi

Saudi Delegation, World Bank and Major Corporations: TIF 2026 Sets an Ambitious International Agenda

CAREC project office in Turkmenistan and the Embassy of the Republic of Azerbaijan discussed prospects for expanding environmental and climate cooperation

TOSFED İstanbul Park will host the FORMULA 1 TURKISH GRAND PRIX from 1-3 October 2027.

B5+ITALY Business Platform Launched in Astana

TIF 2026: How Turkmen Businesses Can Schedule Meetings with Mitsubishi, John Deere or Samsung — and Why Now Is the Right Time

Turkmenistan Outlines Strategic Initiatives at Inaugural Central Asia–Republic of Korea Summit

Turkmenistan Teams Off to Strong Start at 46th Chess Olympiad in Samarkand

Daewoo E&C to Modernize Karakum Canal in Turkmenistan

Ata Watan Eserleri

Korea and Central Asian Countries Sign 19 MoUs at First Business Summit

Oxford Business Group Joins Turkmenistan Investment Forum 2026

Korea, Turkmenistan Sign 13 Deals to Expand Energy and Infrastructure Ties

Madrasa and new social facilities: Gurbanguly Berdimuhamedov reviews construction progress in second phase of Arkadag City