GENERAL

Ralli: ikinji tapgyr başlandy, üçünji tapgyr Türkmenistanda

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde Dünýä ralli çempionaty ― 2019-yň ikinji tapgyrynyň ýaryşlaryna badalga berildi. 29-njy gezek geçirilýän dünýä çempionatyna bu ýyl 34 döwletden ýüzlerçe ekipaŽ gatnaşýar.

Bäş tapgyrdan ybarat bolan dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynyň ýaryşlary Ýas marina gara ýolundan başlap, BAE-niň çölleri bilen dowam edýär. Ýaryş 4-nji aprelde tamamlanar. Ikinji tapgyryň jemi uzynlygy 2006 kilometrden gowrak bolar.

Dünýä çempionatynyň birinji tapgyry 21 ― 26-njy fewral aralygynda Katarda geçirilipdi. Üçünji tapgyrda bolsa dünýä çempionaty güneşli Türkmenistanyň myhmany bolar. Ýene-de Amul ― Hazar ugry boýunça geçiriljek ýaryş maý aýynda ýaýbaňlandyrylar. Dünýä çempionaty jemi 5 tapgyrdan ybarat bolar.

Related posts

At Bayramı arefesinde maraton ve engel atlama yarışları yapıldı

vepa

Turkmen products were presented at the Korea Import Fair held in Seoul

İtalya Büyükelçisinden veda ziyareti

vepa