WORLD

Owganystanda ilkinji attraksionly seýilgäh açyldy

Owganystan Yslam Respublikasynyň paýtagty Kabul şäherinde ilkinji attraksionly seýilgäh açyldy. Bu seýilgäh tutuş ýurt derejesinde alnanda hem şeýle maksatly ilkinji iri oýun we güýmenje toplumydyr. Ol, elbetde, çagalara niýetlenildi.

«Kabul City Park» diýlip atlandyrylan seýilgähi Kabul şäher häkimliginiň buýurmasy bilen ýerli hususy kompaniýalar bina etdi. Seýilgäh 5 gektardan gowrak meýdanda ýerleşýär.

Seýilgähiň ýolbaşçysy Habibulloh Asmatiniň aýtmagyna görä, ol ýurduň çagalarynyň syýasy wakalardan üzňe bolmagyna we ýurtdaky dartgynly ýagdaýlary azajyk hem bolsa gowşatmaga ýardam berer.

Seýilgähde tomaşa diňi, gyzykly aýlawaçlar, rolikli ýodalar, awtodrom, peýntbol meýdançasy we beýleki attraksionlar ýerleşdirilipdir. Aýdylyşyna görä, attraksion ir sagat 9-dan ýarygijä çenli işlär. Eýýäm bu ýerde dynç almaga her gün müňe ýakyn adam gelýär. Onuň giriş peteginiň bahasy ABŞ-nyň 0,40 dollaryna barabar. Elbetde, töleg milli pulda geçirilýär. Seýilgähde restoranlar, kinozallary hem bar. Dartgynly wakalardan galan köne uçar bolsa abatlanyp, kinoteatra öwrülipdir.

Related posts

Rusya Federasyon Konseyi Başkanı – “Aşkabat’ın Onursal Vatandaşı” oldu

vepa

Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan met with the Secretary-General of the Cooperation Council of Turkic-Speaking States

Ata Watan Eserleri

Tbiliside “Türkmenistan – Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi” atly Maslahat geçirildi

vepa