GENERAL

Olimpiada ― 2024-e dört görnüş goşuldy

Halkara Olimpiýa komitetiniň Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçirilen 134-nji mejlisinde Olimpiýa oýunlary bilen bagly möhüm çözgütleriň birnäçesine gelindi. Öz işine 2026-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirjek döwletiň anyklanmagy bilen başlan mejlisde dünýäniň iri sport baýramçylygyna ýene-de birnäçe görnüşler goşuldy.

Has takygy, breýk-dans, skeýtbording, sýörfing we sport alpinizmi 2024-nji ýylda PariŽ şäherinde geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.

― Sportuň bu dört görnüşiniň Olimpiýa hereketiniň bütin dünýäde rowaçlanmagynda uly paýy bardyr. Bu görnüşler sportda gender deňligini saklamakda we ýaşlary sporta has ýakynlaşdyrmakda ähmiýetlidir ― diýip, mejlisde eden çykyşynda HOK-nyň ýolbaşçysy Tomas Bah belledi.

Sport alpinizmi 2018-nji ýylda Argentinada geçirilen Ýetginjekleriň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizildi. Şondan soň Ýer ýüzünde sportuň bu görnüşine bolan isleg has-da artdy. PariŽ Olimpiadasynda sport alpinizmi we skeýtborg boýunça medallaryň 4, sýörfing we breýk-dans boýunça 2 toplumy gowşurylar.

Related posts

Türkmen Lideri’nin kitabı Türkçe ’ye tercüme edildi

vepa

Türkiýede ýokary bilim almak

vepa

Statement by the President of Turkmenistan, H.E. Serdar Berdimuhamedov, at the International Forum of Peace and Trust