GENERAL

Müsür Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak üçin gelen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Ihab Ahmet Nasr bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar özleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdiler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, taraplar dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklary gurnamagyň zerurlygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy oňa täze bellenen wezipesinde üstünlikler arzuw etdi.

Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi öz gezeginde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny belledi we özüniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Sergey Lavrov to visit Turkmenistan on June 24-25

Travel agencies of Turkmenistan

The AIR Center hosted discussions on Azerbaijan-Turkmenistan relations

Ambassador of Palestine presented copies of her credentials at the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan

Ambassador of Turkmenistan Held a Meeting with the Chairman of Chimcomplex

Turkmenistan continues to provide humanitarian support for people arriving from Iran