WORLD

Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

 Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde Milli Lider “Amul – Hazar 2018” halkara rallisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselä degip, bu çäräniň geçirilmeginiň sportuň bu görnüşini giňden ýaýramaga hem-de iri ýaryşlary ýokary derejede guramaga ukyply ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny berkitmäge ýardam etjekdigini belledi.

 

New Ýork sapary meýilleşdirilýär 

Bilelikdäki mejlisiň.dowamynda 24-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýandygy, 28-nji sentýabrda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde GDA-nyň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilýändigi, 29-njy sentýabr 2-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagy üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapary meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Wezipä bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Amandurdy Bekdurdyýewiç Işanow,  Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenip, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal birŽasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.  Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal birŽasynyň başlygy wezipesine bolsa, Begenç Şadurdyýewiç Çaryýew bellenildi.

Related posts

Bicycle ride dedicated to World Bicycle Day held in Tbilisi

The visit of the government delegation of Turkmenistan to Uzbekistan

Yasga gölü – Türkmenistan’ın doğa harikası

vepa