GENERAL

Mähir mekdebi

 Mähremlerimiziň gadyry her ädimde duýulýar. Biz ony ejemiz mamamlara ýatymlyk gezmäge gidende, toýa gidende has-da gowy göz ýetirýäris. Işden, okuwdan öýe geleniňde onuň öýde ýoklugyny göreniňde ilki soragyň «Ejem hany?» diýip soraýarsyň. Haçan-da öýde oturan wagty bolsa onuň «Geldiňmi sag aman!» diýen sözlerini eşidip, bir gez beýgelýärsiň. Şeýle ýagdaýyň hemişe gaýtalanyp durmagyny isleýärsiň. Öýde mährem, mähriban ynsanyň saňa garaşýandygy hakynda oýlanmalar seni hemişe öýe tarap özüne çekýär. Kämahallar bolýan çykgynsyz ýagdaýlarda hem mähribanlarymyzyň bir sesini eşitmeklik hem uly güýç, gurbat berýär. Meseläniň aňsatlyk bilen çözülip gidişine haýran galýarsyň. Şonda biz mähremlerimize gowulygy paýlaýan melekler ýaly ömür baky aramyzda ene bolup, mähir paýlap gezmegini isleýäris. Onuň tutuş maşgalany ýyly mähir bilen ýyladyp oturyşy uly bir gudratdyr. Çagalaryň arasyndaky bolýan dawalary deňlik edip çözüşi, her bir zatdan çykalga tapyşy nusgalyk mekdepdir.

Ene ýüreginiň dözümsiz, mähirden dolulygyny, çagasynyň ugrunda kökenekdigini subut edýän kän ýagdaýlar bolýar. Bir gezek öýde günortanlyk naharyny edinip oturan wagtymyz telewizoryň açyklygyna garamazdan köçeden çala ses bilen aglap, geçip barýan çaganyň sesini eşiden ejem ylgap daşary çykdy. Çaga azaşyp, öýüni tapman, aglap-aglap surnugyp giden eken. Ejem onuň elinden tutup öýe saljak, köşeşdirjek bolsa-da ol çaganyň «Eje» diýip, aglaýan sesi ýüregiňi dilip barýardy. Körpeje biziň töweregimiziň çagalaryndan däldi. Ejem doganlaryma, jigilerime  öýün-öýün sorap çykmagy tabşyrdy. Çagajyk ejesi bilen birine myhman bolup gelip, azaşan bolaýmasyn diýdi. Özem çagajygyň gözünden syrygýan ýaşlary süpürip durşuna öz gözüne elini ýetirýärdi. Çaganyň ejesi onuň gaýdanyny bilýän däldir, ýa-da neresse elenip gözläp ýörendir diýip, ejesiniň ýagdaýyna düşünýän ejem hem iki ýana elewreýärdi. Biz her tarapa pytraşyp, goňşulardan öýün-öýün aýlanyp, sorap çykdyk. Köçe imisalalyk, biz bir öýden girip, beýleki öýe geçip gaýmalap ýören halymyza, köçäniň o çetinden bir geliniň ýyldyrym çaltlygynda iki ýana elewreýändigi göründi. Onuň çalasyn, aljyraňňy hereketlerini gören ejem çagajygy hopba edip göterip, şol tarapa haýdady. Ýolugra şol gelin tarapa elini galgatsa-da, ol öz başagaýlygy bilen üns berenokdy. Birden ejeme gözi düşen bu zenan ejem tarapa okduryldy. Ylgap gelip çagasyny garbap alan ene balasyny mähirli gözýaşlar bilen bagryna basdy. Ony telim gezek, ýüzünden, gözünden ogşady. Onuň ejesiniň tapylanyna begenip duran gyz jigim, ejem biz hem göz ýaşlarymyzy saklap bilmedik. Biraz köşeşen ejesi alkyş baryny aýtdy.

Görüp otursak olar myhmançylyga gelipdirler. Oguljygy öýüň eýeleri bilen daşarda oýnajak diýip, çykyp azaşypdyr. Enäniň kellesine her hili pikirler gelip, ol bir salymdan gözlemäge başlapdyr. Myhman bolan ýerleri iki köçäniň çatrygynda bolansoň ol ene ilki beýleki köçäni aýlanypdyr. Onuň aýakýalaňaç, telbe halyny göreniňde ene mähriniň näderejede beýikdigine düşünýärsiň. «Perzende ata gorgan, ene — gurban» diýen nakylyň manysynyň näderejede beýikdigine düşünýärsiň.

Çagasyny ýitiren enäniň elewreýşi kiçi wagtymyz öýümiziň burçunda ýylda gelip, jaý gurýan ýaly höwürtge ýasanýan garlawaçly waka ýadyma düşdi. Doganlarym, jiglem bilen olaryň höwürtge ýasaýşyny, soňam çagalaryna iýmit daşaýşyny synlamagy gowy görýärdik. Ejesi geleninden çagalar ýerli-ýerden jürküldeşýärdiler. Bir gezegem olaryň arasyndan has garagoljasy bolarly, öz gezegine kaýyl bolman, boýnuny uzadanyna mähetdel, ýere gaçdy. Şol pursatky ene garlawajyň ýyldyrym çaltlygyndaky tizlik bilen iki ýana uçuşy, şol çaga garlawaja tarap hiç kimi eltmän goraýşy, enäniň çagasyny näderejede gowy görýändigini subut etdi. Bu ýagdaýa gynanyp, biz doganym bilen merduwan alyp, ony, beýleki doganlarynyň ýanyna goýupdyk. Şonda ene garlawaç begenjinden iki ýana jürküldäp uçup, bize sagbolsun aýdypdy. Bu ýagdaý diňe ynsanyň däl, eýsem, haýwanlaryň hem hemişe öz perzendiniň üstünde kökenekdigini, ene mähriniň, ene hamraklygynyň ýokary derejededigine subut edýär.                  

 Ýazmuhammet  Seýitmyradow.

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

Ýene-de okaň

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council

Turkmenistan have been published in the six UN languages as official documents of the General Assembly

Turkmenistan hosts Turkmen-Iran Business Forum and Iran Agrofood Exhibition

Turkmenistan and Japan signed new agreements

Turkmen-American Business Forum held in Ashgabat

Current issues of cooperation discussed with Minister of Energy of Iran