WORLD

Içerki bazar üçin bahalary we nyrhlary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de bahalary düzgünleşdirmek baradaky kadalaşdyryjy resminamalary kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Geçirilen seljermelere laýyklykda, içerki bazar üçin bahalary we nyrhlary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek baradaky teklipler hem-de degişli Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi üçin kanunçylyk, administratiw we býujet-maliýe çäreleriniň geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hökümet tarapyndan bahalary emele getirmek ulgamynyň düzgünleşdirilmeginiň bazarda bäsdeşlik ýagdaýyny saklamaga, durmuş ugurly syýasaty geçirmäge ýardam edýändigini aýdyp, ýokarda agzalan ulgama gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip we ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly ugradyp, wise-premýere ýokarda aýdylanlardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Related posts

Orta Asya ve Afganistan Bakanlar Toplantısı

vepa

SOCAR Trading SA – Diamond partner of the 27th International Conference “Oil and Gas of Turkmenistan” in Ashgabat

USAID INTRODUCES MEMBERS OF TURKMENISTAN MEJLIS TO INTERNATIONAL PARLIAMENTARY PRACTICES

Ata Watan Eserleri