WORLD

Habarymyz – türkmen metbugatynda

Häzirki wagtda ýurdumyzda bolup geçýän wakalary 3 dilde beýan edýän www.atavatan-turkmenistan.com saýtymyzyň habary türkmen metbugatynda «habar» boldy. Has takygy, ýurdumyzyň baş gazeti bolan «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda «Türkmen haly önümleri «DOMOTEX 2019» halkara sergisinde» ady bilen saýtymyzyň habary ýerleşdirilipdir.

“Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň habarlary türk we dünýä metbugatynda birnäçe ýer alypdy. Hat-da BMG-niň baş sekretarynyň Türkmenistan saparyna bagyşlap neşir edilen Atawatan Türkmenistan halkara Žurnalynyň ýörite sany BMG-niň resmi “Twitter” sahypasynda dünýä ýetirilipdi. Häzirki wagtda hem www.atavatan-turkmenistan.com halkara saýtymyzyň habarlary Türkiýäniň Söwda ministrliginiň www.ticaret.gov.tr resmi internet sahypasynda türk halk köpçüligine dowamly ýetirilip durulýar.

Related posts

Buffon: ýene bir ýyldyz taryha öwrülýär

vepa

Joint conference of the European Union and Turkmenistan on “Green energy and EU strategies for the use of hydrogen and the reduction of methane emissions”

The book “Traditions of Turkmen Statehood” was presented in Herat