WORLD

Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy

2019-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça sebitleýin edarasynyň baştutany Baýarmaa Luntanyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda, h-m Luntan Türkmenistanyň Hökümetine GH we GÝJHF bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýany üçin öz minnetdarlygyny aýtdy. Şeýle hem, sebitleýin edarasynyň başlygy ynsanperwer kömegi hem-de ösüş ugurlarynda hökümetler bilen hyzmatdaşlygyny belläp geçmek bilen, GH we GÝJHF-nyň Merkezi Aziýadaky ähmiýeti barada aýtdy. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen GH we GÝJHF-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşdylar.

Öňki maslahatlaşmalary nazara almak bilen, adatdan daşary ýagdaýlarynyň ýüze çykma howpyny azaltmak, klimatyň üýtgemegi, şeýle hem parahatçylygyň we zorsuzlyk medeniýetde işleşmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky soraglar bellenip geçildi. Şu nukdaý-nazardan, taraplar 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ylalaşygy boýunça taýýarlanylan Türkmenistanyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň we GH we GÝJHF-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky Çarçuwaly ylalaşygy aýratyn hem belläp geçdiler.

Mundan başga-da, gepleşikleriň çäklerinde, taraplar GH we GÝJHF-nyň Merkezi Aziýadaky ynsanperwer işinde we başga ugurlarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň goldawyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Turkmen and English Proverbs Published in Kindle Format

The National Holiday of the Turkmen Horse Celebrated in Ankara

Your Dream Summer Starts Now: Early Booking for Türkiye’s Turquoise Coasts

Referendum in Kazakhstan

Ata Watan Eserleri

Beyond the Landmarks: Discover İstanbul’s Hidden Heritage in Yedikule and Samatya

Türkiye welcomes its 29th Slow City as Cappadocia’s Ortahisar joins the Cittaslow network