GENERAL

Gizlin sözüňiz ygtybarlymy?

Beýik Britaniýanyň milli kiberhowpsuzlyk merkezi ýakynda internetdäki iň ygtybarsyz gizlin sözleriň sanawyny düzdi. Bu sanawyň başynda, siziň hem çaklaýşyňyz ýaly, «123456» gizlin sözi birinji orunda durýar. Täsin tarapy diňe Beýik Britaniýada bu gizlin sözden 23,2 million adam peýdalanýan eken. Sanawyň ilkinji bäşliginde «123456789», «qwerty», «password» we «1111111» gizlin belgileri bar.

Internetde «syr saklamak» babatynda adamlaryň köpüsiniň öz adyny ulanýandygy hem ýüze çykaryldy. Hatda käbir saz toparlary hem gizlin belgileri hökmünde öz adyny ulanypdyr. Hünärmenleriň duýdurmagyna garamazdan, «gizlin» hökmünde saýlanyp alynýan belgileriň arasynda «123456»-nyň sany gün-günden köpelýär. Elbetde, bu ýagdaý internetden peýdalanyjylaryň ýatkeşliginiň ýagdaýy bilen hem bagly.

Related posts

Diplom ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar

vepa

3 Mart 2019’den tüm uçuşlar İstanbul Havalimanına yapılacak

vepa

Türkmenistan ile Özbekistan işbirliğini güçlendiriyor

vepa