GENERAL

Gazagystanda Prezident saýlawlary geçiriler

Gazagystanyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kasym Jomart Tokaýew ýurtda Prezident saýlawlarynyň bellenilen wagtyndan ozal geçiriljekdigini mälim etdi. Bu barada ol gazak halky ýerli teleýaýlymlarda göni ýaýlym arkaly habar berdi.

Wagtlaýyn Prezident öz çykyşynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawynyň şu ýylyň 9-njy iýunynda geçiriljekdigini habar berdi. «Bu karara gelmezden ozal, Gazagystanyň birinji Prezidenti Nursultan Nazorbaýew hem-de döwlet ýolbaşçylarynyň birnäçesi bilen maslahatlaşdym. Bu karara olar hem garşy çykmadylar. Nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň geçirilmegi milli syýasatymyzda möhüm gadam bolar» diýip, Kasym Jomart Tokaýew öz çykyşynda aýtdy.

Şeýle hem ol Prezident saýlawlarynyň demokratik esaslara daýanyp, ýokary derejede geçiriljekdigine ynandyrdy.

Related posts

Milli Eğitim’de Yeni Dönem: Dijital Eğitim

vepa

Seulda Türkmen–Koreý hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi

vepa

“Makul Dictionary” Added to Stanford University Library Catalog