GENERAL

«Gara inedördüliň» syry

Meşhur nakgaş Kazimir Malewiçiň döredijiligine degişli «Gara inedördül» eseri özünde gizleýän syralary bilen akyllary haýrana goýmagyny dowam etdirýär. Dogry, ylym bu eseriň syrlarynyň birnäçesiniň üstüni açdy, ýöne onuň syrlary çözüldigiçe köpelip barýar.

Dünýä metbugatynda berilýän habarlara laýyklykda, meşhur eseriň syrlarynyň ýene-de ikisi çözüldi. Aslynda, eseriň ady «Gara inedördül» bolsa-da, onuň asyl reňki gara däl eken. Nakgaş dürli reňkleri garyp, gara ýakyn reňki alypdyr. Täsin tarapy, garylan reňkleriň arasynda gara reňk hiç hili ýok.

Eseriň ýene-de bir aýratynlygy ondaky şekilleriň hiç biriniň hem beýleki bir şekile parallel ýerleşmeýänligidir.

Related posts

Kazakhstan Sees $120 Million Export Potential to Turkmenistan

Development of Turkmen-Turkish relations discussed

The President of Mongolia made first-ever state visit to Turkmenistan – Agreements on transport, agriculture and tourism inked

Ata Watan Eserleri