GENERAL

Frıg Jülgelerıne Tarap Ultra Ýöriş

2018-nji ýylyñ 15-nji sentýabrynda Frig Jülgelerinde V-nji halkara Ultra Ýörişiñ geçirilmegi meýilleşdirilýär. 2017-nji ýylda 307 türgeniñ gatnaşmagynda geçirilen ýörişe, aralarynda  28 daşary ýurtly bolan, jemi 700-e golaý türgen gatnaşar. Unlimited Academy tarapyndan gurnalýan ýöriş 3 sany ugur boýunça geçiriler. Frig Ultra Ýörişi, Frig jülgeleriniñ ajaýyp tebigatyna, Midas patyşanyñ gadymy şa ýollaryna we Frigitlerden galan ähmiýetli eserlere beslenen ýoluñ dowamynda ganyp bolmajak tejribe geçirmegi maksat edinýär we täsin wakalary başdan geçirmäni gowy görýänleri çärä gatnaşmak üçin çagyrýar.     

 9K ugry boýunça geçiriljek ýöriş – Afýonkarahisar welaýatynyñ Ihsaniýe etrabyndan başlap, syrly Frigit ýodajygyndan dowap eder we Üçlerkaýasy obasynda tamamlanar.   

23K ugry boýunça geçiriljek ýöriş – Afýonkarahisar welaýatynyñ Ihsaniýe etrabyndan başlap Frigit ýodajygyndan dowap etjek türgenler, Üçlerkaýasy obasyndaky taryhy suw garymynda dynç alarlar. Soñra Aslantaş, Memeç gaýalary we Emre gölüñ günortasyna tarap ugur alyp Baýramaliler obasynda gutarar.

54K ugry boýunça geçiriljek ýöriş bolsa – Afýonkarahisar welaýatynyñ Ihsaniýe etrabyndan başlap Frigit ýodajygyndan dowap etjek türgenler, Üçlerkaýasy obasyndaky taryhy suw garymynda dynç alyp, Aslantaş, Memeç gaýalary we Emre gölüñ günortasyna tarap ugur alyp Baýramaliler obasyna ýeterler we Frigitlerden galan taýsyz erserleri bolan Ýylantaş araba ýollaryndan dowap edip, Awdalaz Galasy-Aýazini obasyndan Gazlygöl şäherinde tamamlanar.

Ýene-de okaň

Transport and telecommunications issues were discussed between Azerbaijan and Turkmenistan

Seychelles Foreign Minister’s first visit to Turkmenistan

Türkiye’s Culture Route Festivals Hit New Heights with 26 Cities

Türkiye for All Ages: The Destination for A Multi-Generation Family Escape

Turkmen Proverbs Published on the Barnes & Noble Platform

Turkmenistan’s Permanent Representative Presents Credentials to the UN Secretary-General