WORLD

Eýran üçin duýgudaşlyk

Şu gün, 2019-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine diplomatik notasyny ugratdy, onda Türkmenistanyň Hökümeti Eýran Yslam Respublikasynyň güýçli çagba ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, iki goňşy döwletleriň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanmak bilen türkmen tarapy Eýranyň halkyna özüniň doganlyk goldawyny beýan etdi.

Related posts

The Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan received the Ambassador of Japan

Türkiye’s Must-See Museums in a glance

A meeting of the head of the MFA of with the head of the UNICEF Representative Office in Turkmenistan