GENERAL

Durmuş bu ……

Adamlaryň hemmesi soňy gowulyk bilen gutaryan eser ýazýar. Dogrusy şeýle eserleri ýazmagy, okamagy halaýarlar. Ýöne bu durmuş dessanlardaky, ertekilerdaki, hekaýalardaky ýaly däl ahyryn! Käbir adamlaryň durmuşyndaky şatlykly wakalar edil älemgoşar ýaly, sähelçe wagtlyk we käte ýüze çykyar. Men bu hekaýany bir zat gazanmak ýa tanymal bolmak üçin ýazamok, eýsem, şeýle kyn durmuşda ýaşaýan bir gyzy tanatmak üçin ýazýaryn. Biziň şäherimizde bir gyz bar. Ol gyz mundan 8 ýyl öň sagatdy. Edil hemmeler ýaly ýöräp, ylgap, islan yerine gidip bilýärdi. Onuň ejesi dälde ejeligi bardy. Ejeligi hakynda hiç zat aýdyp biljek däl, sebäbi men ony tanamok. Ol gyz bir gün awtoulagda barýarka, ýol heläkçiligine sezewar bolýar we iki aýagyndanam mahrum bolýar. Ol indi ylgamak däl, ýöräp hem bilenokdy. Ýöne bir umyt bardy. Aýagyna protez aýak dakyp boljakdy, ýöne onuň üçin hem köp mukdarda pul gerekdi. Kakasy pahyr hem aradan çykýar. Hany durmuşyň adalaty? Ol gyz şu wagt ýaşaýar ( ýaşamak nä ýaşamak). Ýanynda kömekçi jigisi bilen uzak gün ýoluň ugrunda öz kolýaskasynda otyrýar. Haçanda şol gyza pul beremde her gezek ýüregim dilim-dilim bolýar. Öz özüňe gaharyň gelýär. Bu bir ýalan zat däl. Ol gyz şuwagtam kömege mätäç ýagdaýda. Ýazan zadym kiçi göwrümli bolup biler, emma hakykat.

Uzuk we Ayna Owezowalar.

Mary welaýaty

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Ýene-de okaň

Meeting of the Ambassador of Turkmenistan with the President of the Equestrian Federation of the Republic of Kazakhstan

Minister of Turkmenistan and Georgia held a telephone conversation

“Turkmen national costumes were showcased in France

Tajikistan Presents Free Economic Zone Opportunities to Turkmen Businesses

Turkmen-Azerbaijani customs cooperation was discussed

Cappadocia celebrates its equestrian heritage with the ‘2nd Cappadocia Horse and Equestrian Culture Festival’