GENERAL

Dünýäniň iň ýaşuly saýlawçysy bellige alnar

«Euronews»-yň habar bermegine görä, şu ýylyň 31-nji martynda Türkiýede Ýokary saýlaw guramasy (ÝSK) tarapyndan saýlawlar geçiriler. Kaýseri şäheriniň saýlawçylarynyň arasynda ady görkezilen Aýşe Ekiji bu saýlawlarda diňe bir Türkiýäniň däl, tutuş dünýäniň iň ýaşuly saýlawçysy hökmünde taryha girer. Häzir ol 165 ýaşynda.

Aýşe Ekiji öňde duran saýlawlarda öz sesini berjek ýeke-täk uzak ýaşly raýat däldir. Saýlawçylaryň sanawynda familiýalary belli bolmadyk 149 ýaşly Zülfi, 148 ýaşly Aýşe atly saýlawçylar hem bar.

Ýeri gelende aýtsak, ýaşuly saýlawçylar babatda ozalky rekordlar Malaýziýa we Zimbabwe degişlidi. Zimbabwede geçen ýylyň 30-njy iýulynda geçirilen saýlawlarda 141 ýaşly saýlawçy bellige alnypdyr. Indoneziýada bolsa 1868-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda doglan 151 ýaşly raýatyň saýlawda öz sesini berendigi bellige alyndy. Şol saýlawlaryň geçirilýän döwründe Ýer ýüzüniň iň ýaşuly saýlawçysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda bellige aldyrylmaga çalşyldy. Bu rekordyň täsinlikler neşirine girizilip-girizilmändiginden anyk habarymyz ýok, ýöne girizilen hem bolsa rekordyň 31-nji martda täzelenmegi juda ähtimal. Ýene-de iki aý çemesi wagtda türkiýeli Aýşe Ekiji dünýäniň iň ýaşuly saýlawçysy bolup biler.

Ýene-de okaň

Meeting with a Turkish university delegation held at the Ministry of Education of Turkmenistan

Turkmenistan’s Sports Federations Launch Official Websites

Foreign Ministry: Turkmenistan Announces Candidacy for Non-Permanent UN Security Council Seat (2031–2032)

Turkmenistan Hosts Digitalization Events for the eTIR System with Participation of International Experts

Nicaragua Decides to Join the Group of Friends of Neutrality

Ambassador discusses preparations for major upcoming events with the Dutch Deputy Foreign Minister