GENERAL

Dünýäniň iň ýaş millionerini tanaýarsyňyzmy?

Heniz 19 ýaşyndaka dünýäniň iň ýaş millioneri hökmünde hasaba alnan norwegiýaly Aleksandra Andersen häzir 22 ýaşynda. Biziň ol barada ýazmak isleýänlerimiziň iň täsin tarapy ummasyz baýlyga eýe bolmagyna garamazdan, onuň adaty ýaşaýyş düzgünini asla bozmaýanlygy we baýlyga uly bir ähmiýet bermeýänligidir.

«Fred» atly bir kompaniýanyň paýnamalarynyň 42 göterimine eýeçilik edýän Aleksandra, aslynda, köprak tebigatyň goýnunda bolmagy, haýwanlara ýakyn durmagy halaýar. Özünden başga-da bir gyz dogany bolan millioner her gün at münmegi hem ýatdan çykaranok.

Aleksandra nädip millioner boldy? Jogap juda sada: ol millioneriň gyzy. Kakasy Ýohan Andersen mirasynynyň 80 göterimini iki gyzyna bölüp berdi. Biziň gahrymanymyz özüne sada ýaşaýyşy saýlap aldy. Hatda, ol kakasynyň ikinji bir ulag edinmek baradaky teklibinden hem ýüz öwürdi. Aleksandra muňa zerurlyk duýmaýar.

Ýeri gelende aýtsak, dünýäniň iň ýaş üç millioneriniň üçüsi hem norwegiýalydyr.

Related posts

Secretary‑General appoints Xiaojun Grace Wang of China as the United Nations Resident Coordinator in Turkmenistan 

A telephone conversation with Minister of Foreign Affairs of the Republic of Turkey

Yılbaşı Çam Ağacı Işıklarını Yaktı

vepa