GENERAL

Deňiz ýyldyzy üçin köp zat üýtgedi

Bir kişi kenarda gezim edip ýörkä, gaýgy bilen ummana bir zatlar zyňyp duran adama duşýar. Onuň has golaýyna gelende, adamyň tolkunlaryň zarbyna kenara çykan deňiz ýyldyzlaryny suwa atyp duranyna göz ýetirýär.

-Siz näm üçin bulary deňze atýaňyz?

Eline ilenini tiz-tizden deňze oklaýan adam:

-Ýaşamaklary üçin-diýdi.

-Ýöne bu ýerde müňlerçe deňiz ýyldyzy bar. Baryny yzyna deňze atmak mümkin däl-ä. Siziň ojagazlary yzyna atanyňyz nämäni üýtgetsin?!

Ýerden bir deňiz ýyldyzyny çaltlyk bilen deňze oklan adam:

-Gör, onuň üçin köp zat üýtgedi-diýip, jogap berdi.

Hiç kim hemme kişiň durmuşyny düýpgöter üýtgedip bilmez. Ýöne iňbolmanda bir kişiniň, ýekeje adamyň gowy ýaşap biljek şertlerini döredip bilsek, ýa kömek edip bilsek gowy bolmazmy?! Synanyşyp görüň, sizem bir kişiniň durmuşyna ýagşylyk üçin el uzadyň.

 

Related posts

Turkmenistan Celebrates Wheat Harvest Goal Achievement: Over 1.4 Million Tons Collected Through Dedication and Modern Technology Turkmenistan Celebrates Wheat Harvest Goal Achievement: Over 1.4 Million Tons Collected

Türkmenistan gündeminin 10 ayı değerlendirildi

vepa

Özbek Lider: Türkmenistan bölgedeki stratejik ortağımız

vepa