GENERAL

Demir ýol ulgamyndaky täze hyzmatlar

Ýurdumyzda «Aragatnaşyk arkaly kämilleşdirilen habar beriş merkezi»  atly täze hyzmat ýola goýuldy. Hyzmat, esasan, telekeçiler, söwdagärler üçin niýetlenen. Muny Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Aragatnaşyk ministrligine degişli bolan «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde taýýarlady.

Hyzmatdan nähili peýdalanmaly?

Ildeşlerimiziň goňşy döwletlerden demir ýoluň üsti bilen ýük wagonlarynda getirýän ýükleri baradaky maglumatlar Demir ýol ulaglary ministrligine geçirilýär. Soňra bolsa, şol wagt müşderä ýörite «0737»  belgiden sms habary ugradylýar.

 «Demir ýol müşderisi! Siziň adyňyza 3 sany ýük wagonynyň Serdar stansiýasyna 27.12.2018 ý. senesinde, takmynan, sagat 12:00-da barjakdygyny mälim edýäris.»

 Bu bildirişi okansoň, müşderi öz ýüküni almak üçin haçan ýola düşmelidigini öňünden bilýär. Ýöne bu hyzmat häzirki wagtda diňe daşary ýurtlardan gelýän ýükler üçin ýola goýuldy. Muňa garamazdan, ýurdumyzyň içinde welaýatlara iberilýän ýükler üçin hem bu hyzmatyň işläp başlajak günleri uzakda däl.

 Demir ýol ulgamynda ýene bir täze hyzmat. Ýurdumyzyň welaýatlarynda hereket edýän şypahanalarda demir ýol petekleri satylýan kassalaryň işi ýola goýuldy.  Şypahanalarda demir ýol petek kassalarynyň işläp başlamagy ol ýerde saglygyny dikeldýän ildeşlerimiz üçin örän oňaýlydyr. Galyberse-de, bu hyzmat demir ýol menzilinden uzakda ýaşaýan raýatlar üçin hem uly ýeňillik bolup durýar. 

Ýene-de okaň

Transport and telecommunications issues were discussed between Azerbaijan and Turkmenistan

Seychelles Foreign Minister’s first visit to Turkmenistan

Türkiye’s Culture Route Festivals Hit New Heights with 26 Cities

Türkiye for All Ages: The Destination for A Multi-Generation Family Escape

Turkmen Proverbs Published on the Barnes & Noble Platform

Turkmenistan’s Permanent Representative Presents Credentials to the UN Secretary-General