Daňdan 6-da oýanmak üçin 6 sebäp

«Ir turan işinden dynar» diýmegi halaýarys, ýöne ir turmagy halaýarysmy? «Hawa» diýip jogap bermek kyn. Daňdan ― ukynyň iň süýji wagty. Emma endik edinseň, ukynyň süýjüliginden hem ýakymly zatlary gazanyp boljak eken.

Eýsem, daň bilen 6-da oýanmak üçin alty sebäp sizi hem gyzyklandyrýarmy? Şeýle bolsa, geliň, olar bilen bilelikde tanyş bolalyň!

  1. Ünsüňizi jemlemäge wagt bolar

Aslynda öňümizde goýan maksadymyza ýetip bilmezligimiziň iň esasy sebäbi ünsümizi jemläp bilmeýänligimizden bolaýmasyn. Eger daň bilen oýansaňyz, güne haýsy işden başlamalydygyny aýdyň seljerip bilersiňiz. Munuň üçin sizde wagt ýeterlik bolar. Onsoň hem, uklap, kemsiz dynç alan beýnimiz daň bilen örän dury işleýär. Bu «durulykdan» netijeli peýdalanyp bilmek, elbetde, özümize bagly.

  1. Güni meýilleşdirmäge wagt bolar

Aýdaly, sagat 8-e ýakyn oýanyp, howul-hara ýuwnup, garbanyp, geýnip… işe geleniňde-de, nämedir bir zat ýetmeýän ýalydyr. Işde-de nämeden başlajakdygyňy bilmän ýaýdanar ýörersiň. Şeýdip, ep-esli wagty yrýa gidirersiň.

Emma daňdan oýanyp, günüň dowamyndaky etsem-goýsamlarňyzy meýilleşdirseňiz, eýýäm ýarpy ýoly geçdigiňizdir. Bir meýilnama düzülen soň, galany aňsat.

  1. Daňdan ― kämilleşmek üçin iň gowy wagt

Ukudan oýanyp, aşhana ýönelibermegem bolar, tersine, irki maşklar üçin sport merkezine-de. Haýsy ýoly saýlajakdygyňyz özüňize bagly. Eger 6-da oýanan bolsaňyz, iş wagtyna çenli sizde birnäçe sagat wagt bar. Diýmek, irki maşklar bilen isledigiňizçe meşgullanyp bilersiňiz. Ir bilen bedeni ýazsaňyz, sözi bilen düşündirip bolmaýan ýeňillik aralaşar. Lukmanlar bolsa irki maşklaryň netijesinde bedenden endorfin mäzleriniň bölünip çykýandygyny, bu hadysanyň bolsa hoşwagtlygy üpjün edýändigini aýdýarlar.

  1. Ertirlik edinmäge wagt bolar

Ertirligiň günüň dowamyndaky işjeňlige uly täsiriniň bardygyny ozal hem birnäçe ýola okansyňyz, eşidensiňiz. Ir oýansaňyz, ertirlik üçin hem ýeterlik wagt taparsyňyz. Ýogsam, giç oýanyp, çala garbanyp-garbanman, iş ýeriňizde öwezini kofe bilen doldurjak bolmak juda bir peýdaly endik hem däl. Ertirlikdäki gök çaý iş ýerinde içilen kofeden, belki, birnäçe esse peýdalydyr.

  1. Üstünlige ýeten adamlar hem ir oýandylar

Il arasynda daňdanlara «Perişdeleriň ýere inýän, rysgal paýlanýan wagty» diýýärler. Bu söz bihal däl. Ynha, «New York Magazine» neşiri «Twitteri» esaslandyran Jek Dprsiniň her gün 5:30-da oýanyp, 10 kilometr çemesi ylgaýandygyny ýazýar. «Apple» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk bolsa 4:30-da oýanyp, dostlarynyň elektron poçta bilen ýazan hatlaryna jogap berip çykýar. «Virgin Group» kompaniýasyny esaslandyran Riçard Brensonyň sagady bolsa hemişe 5:45-e gurulgy. Ol oýanandan soňra, biraz kompýuteriň başynda güýmenip, soňrak ertirlik edinýär. Olaryň yzyna eýeriň! Kim bilýär, ýene 10-15 ýyldan ýazyljak makalalarda bu sanawda siziň hem adyňyz görkeziler.

  1. Başgalardan iki ädim öňde bolarsyňyz

Alymlara gulak salsaň, olar ir oýanmagyň günüň dowamyndaky işjeňlige örän uly nepiniň bardygyny aýdýarlar. Pikir edip görüň, haýsydyr bir bäsdeşiňiz heniz süýji düýşleriň gujagynda ýatyrka, siz eýýäm güne başladyňyz. Onsoň hem günüň dowamynda sizi birahat edip biljek işlerden sagat 8-e çenli dynmaga çalşyň! Şeýtmegi endik edinip bolsa-ha has gowy. Bu ýagdaý sizi günüň dowamyndaky dartgynlylykdan we howatyrlanmada halas eder. Ýene bir pikir ediň: eger iki ýarym sagat ir oýansaňyz, siz 150 minut wagt utarsyňyz. Şeýlelikde, bir hepdede 17 ýarym, bir aýda 70, bir ýylda 840 sagat siziňki bolar. Wagt bolsa üstünlige barýan ýolda iň gerekli zatlaryň biri.

***

Ertirden başlap, sagat 6-da oýanmak üçin şu sebäpler hem ýeterlikmi? Biz käte «Işime ýetişemok, gije-gündiziň dowamlylygy has köp bolaýmaly ahyr!» diýmegi halaýarys. Ýöne ýokary maglumatlaryň altynjy bölümine bir üns beriň! Ir oýanyp, özümiz üçin, gör, näçe wagty tygşytlap bilýän ekenik. Onsoň hem pederlerimiz «Agşamyň haýryndan ertiriň şeri» diýip, ýönelige aýdan däldirler. Geliň, üstünlik gazanmaga ir oýanmakdan başlalyň!

Agageldi ITALMAZOW

«Türkmen gündogary» gazeti.

Related posts

International Conference on the Development of Construction, Industrial, and Energy Sectors of Turkmenistan Opens in Ashgabat

Meeting of the Foreign Ministers of Turkmenistan and Iran in Ashgabat

Iran, Turkmenistan review developing all-out ties

Iran FM arrives in Ashgabat

Turkmenistan Highlights Arkadag Smart City at World Cities Day 2026 Event at the United Nations

Turkmenistan Represented at the International Forum Kazan Digital Week – 2026

ATTA Board Meeting Brings Adventure Travel Leaders to Türkiye’s Cappadocia

Delegation of the Ashgabat City Administration took part in the World Tourism Cities Summit in Busan

CIET 2026: Eleven Companies to Support the Forum as Silver Sponsors

Turkmen producers showcase their products at the SIAL Paris international food exhibition

Azerbaijan to host 10th World Forum on Gastronomy Tourism

Minister of Culture of Turkmenistan participated in the 7th World Forum on intercultural dialogue in Baku

Çalık Enerji Announced as Premier Partner of CIET 2026

Iranian Turkmen FMs discuss regional developments in phone call

Global Ambitions Meet Mediterranean Sands with World Winners Cup 2026 in Alanya

Ata Watan Eserleri

Turkmen delegation visits Vienna to strengthen trade and economic cooperation

Turkmenistan’s Ambassador discusses prospects for energy cooperation with IOGP Europe leadership

OGT 2026: Turkmenistan Signs a Series of Agreements with Foreign Partners

Meeting of the Foreign Ministers of Turkmenistan and Georgia

Foreign ministers of the Central Asia and Georgia will meet in Batumi