GENERAL

Bu meniň Watanym eziz Watanym!

Bu meniň Watanym eziz Watanym!

Watan aşyk bolmuş baharyňa-ýazyňa

Ýat ýurtlarda eziz görüner güýz-gyşyň

Bu meniň Watanym eziz Watanym!

 

Ýüregimiň parasy Amul-Hazaryň,

Güneş çogly çölüň-meniň jigerim

Jenneti ýatladaýar-säheriň seniň

Bu meniň Watanym eziz Watanym!

 

Meni bendi etdi, tebigatyň seniň

Seniň üçin şirin janym bererin

Watanymda urar ýüregim meniň

Bu meniň Watanym eziz Watanym!

 

Gözel keşbiň ýürekleri ereder

Nirde bolsaň Watan başdan seredir.

Hakyň nazary düşen behişt ýeridir,

Bu meniň Watanym eziz Watanym!

Gülälek Seýitliýewa.

Mary etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň mugallymy

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

 

Jemi 88 Eser Bäsleşýär : Ata Watan Eserleri

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDU5Mw==

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Ýene-de okaň

Delegation of Turkmenistan participated in the International Conference held in the Republic of Azerbaijan

Presentation ceremony of the “TEX” logistics platform

United Nations Games 2026 Officially Opened at the United Nations Headquarters

Delegation of Turkmenistan is participating in the Bonn Conference of the UN Framework Convention on Climate Change

Chairman of the Democratic Party of Turkmenistan paid a working visit to Japan

Prospects for academic and youth cooperation between Turkmenistan and Georgia were discussed in Tbilisi