GENERAL

BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleleri boýunça kömekçisi Raşid Halikowyň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň goňşy ýurtlara hem-de tebigy hadysalarynyň netijelerinde ejir çeken ýurtlara berýän kömegini belläp geçdiler, şeýle hem Guramanyň adatdan daşary hadysalara taýyn bolmak we dessine çäre görmek tejribesinden ugur alyp, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň soraglaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gözleg we halas ediş işleri boýunça Halkara konsultatiw toparyna (INSARAG) agza bolmaklygyna degişli meseleler seredildi.

Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda, taraplar Türkmenistanyň hökümetiniň BMG-niň ynsanperwer meseleleri boýunça Müdirligi bilen hyzmatdaşlygyna degişli soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ýurduň hem içerki, hem-de daşyndaky çäklerinde halkara kömek bermek işlerine gatnaşmaklygyny gurnap bermekde Türkmenistanyň DIM-niň orny seredilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ynsanperwer ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmekde, şol sanda mynasyp döwlet hyzmatdaşlaryna tehniki goldaw bermekde taýyndyklaryny aýtdylar.

Ýene-de okaň

Stratcom Summit 2026 Commences held in Istanbul

Published Makul English-Turkmen Language Handbook

Ata Watan Eserleri

Meeting of the Working group on Trade-economic cooperation between Turkmenistan and the United States of America

Iran’s Foreign Minister Thanks Turkmenistan for Evacuation Aid and Humanitarian Support

Protocol on the preparation for the Council of Heads of Government of CIS

The European Union and Turkmenistan strengthen economic cooperation at Business Forum in Ashgabat