WORLD

Benzinli, dizelli we gibrid ulaglarynyň satuwy gadagan ediler

Beýik Britaniýanyň hökümeti 2035-nji ýylda ýurduň çäginde benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän hem-de gibrid ulaglaryň satuwyny gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Boris Jonsonyň kanselýariýasynyň ýaýradan beýanatynda bellenip geçilýär.

– Beýik Britaniýada howa goýberilýän hapa gazlaryň möçberini azaltmak üçin benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän ulaglaryň satuwyny gadagan etmek göz öňünde tutulýar.  Mundan ozal, 2040-njy ýylda gadaganlyk girizmek meýilleşdirilipdi.  Häzir bu maksady 2035-nji ýylda amala aşyrmak göz öňünde tutuldy. Täze maksatnamada gibrid ulaglary hem goşuldy – diýlip, beýanatda bellenilip geçilýär.

şeýle maksatnama bilen Beýik Britaniýanyň hökümeti ekologiýany goramak üçin iň berk kanuny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. şonuň netijesinde, 2050-nji ýylda hapa gazlaryň möçberini iň pes derejä ýetiriler. şeýle kanunçylyk namasy geçen ýylyň iýunynda milli parlamentiň gün tertibine girizilipdi.

Related posts

Avaza ’da Golf Kulübü İnşa Edilecek

vepa

Cooperation with the International Road Transport Union

Demirgazyk Irlandiýa plastik banknotlara geçýär

vepa