GENERAL

Ýaryşyň ýeňijileri sylaglandy

Aşgabat şäheriniň “Bagtyýarlyk” sport toplumynda geçirilen kiçi futbol duşuşygynyň ýeňijilerine sowgatlar gowşuryldy. Baýrak gowşurylyşyk ýaryş meýdançasynda geçirildi. Ýaryşyň ýeňijilerine we gatnaşyjylaryna “Atavatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň baş redaktory Dr.Döwran Orazgylyjow bilen “Türkmenistan Sport” halkara Žurnalynyň baş redaktory Hojaberdi Apbaýew Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hormat hatlaryny we “Makul hyzmat” terjime merkeziniň ýörite taýýarlan sowgatlaryny gowşurdylar.

Şeýlelikde, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Žurnalistleriň arasynda geçirilýän bäsleşikler tamamlandy. Ýöne bu ýaryşlaryň ahyry diýildigi däl. Nesip bolsa, şol redaksiýalaryň guramagynda, entäk köp bäsleşikleriň şaýady  bolarsyňyz. Bize bolsa, şol ýaryşlary gyzgyny bilen okyjylara ýetiräýmek galýar.  

 

Related posts

İstanbul Havalimanı seferleri 140’a çıkarıldı

vepa

Töleg terminallaryny gurnamak

vepa

Turkmenistan Gifts Carpet depicting Magtymguly Fragi to World Customs Organization Museum