GENERAL

«Antoposen» ― planetamyzyň täze döwri

Beýik Britaniýanyň Lester uniwersitetiniň alymlary planetamyza täze döwrüň gelendigini aýdýarlar. Uniwersitetiň wekili Ýan Zalasewiçiň aýtmagyna görä, täze döwür «Ynsan döwri» diýlip atlandyrylýar.

Ylmy dilde «Antroposen» diýlip atlandyrylýan döwürde adam ― ynsan dünäýni dolandyrmagy doly öz erkine aldy. Häzir adamyň täsiri ozalkylaryndan has güýçli.

Elbetde, ylyma bir täzeligi ykrar etdirmek aňsat däl. Dünýäde täze bir döwrüň başlanandygyny subut etmek üçin uniwersitetiň alymlarynyň 34-si birnäçe ýylyň dowamynda irginsiz işlemeli boldular. Ahyrynda-da olar ylmy jemgyýetçilige täze döwri ykrar etdirmegi başardylar.

Şeýlelikde, biziň planetamyza 12 müň ýyl mundan ozal buz döwrüniň ornuna gelen golosen döwri hem öz ornuny täze döwre berýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, adamyň dünýäde bolup geçýän hadysalara täsiri soňky 10 million ýyldakydan 100 esse güýçlüdir.

Related posts

Turkmenistan condemned the attack on Donald Trump

İhaleler: Çimento fabrikası için uluslararası yatırım ihalesi

vepa

Meeting between Deputy Chairman of the Cabinet of Ministers of Turkmenistan B. Amanov and the Executive Director of the Global Gas Centre, V. Ducrot