GENERAL

Amazon: girdeji-çykdajy çaklamalardan kän

Häzirki wagtda dünýäniň iň uly internet söwda kompaniýalarynyň birine öwrülen Amazonyň 2018-nji ýylyň soňky çärýegindäki girdejileriniň we çykdajylarynyň mukdary garaşylanyndan hem geçdi. Ýöne bir zady turuwbaşdan nygtamak gerek. Bu gün dünýäniň iň uly e-dükanlarynyň birine öwrülen Amazonyň girdejileri bilen çykdajylarynyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar.

Dünýäniň meşhur ykdysady habar portallarynyň ýazmagyna görä, 2018-nji ýylyň soňky çärýeginde kompaniýanyň 71,9 milliard dollar girdeji gazanmagyna garaşylýardy. Aslynda bolsa gazanylan girdeji 72,4 milliard dollara ýetdi.

Internet arkaly söwdadan diňe bir çärýekde şunça girdeji gazanyp bilýän kompaniýanyň çykdajylary hem özüne ýetik. Şu döwürde kompaniýa paýnamalarynyň her biri üçin 5,56 dollarlyk çykdajy hasaplaýardy. Hakykatda welin, ol 6,04 dollara barabar boldy. Elbetde, uly kompaniýa. Onda paýnamalaryň müňlerçesi bar. Her birini 6 dollardan hasaplasaň…

Ýene-de okaň

Cycling Event in Bucharest Marking World Bicycle Day

Delegation of Turkmenistan is participating in the Baku Energy Week

An Artificial intelligence technology introduced in the Customs System of Turkmenistan

Turkmen Electronics Producer to Localize Manufacturing in Eswatini

Rashid Meredov met with Marco Rubio

Talks with the Head of the United Nations Office of Counter-Terrorism