Aýjan jigisinden soraýar:
─ Osman, jigim, eger-de seniň eliňden ary çaksa ilki bilen näme etmeli?!
─ Aglamaly.
* * *
─ Kaka maňa pişigiň suratyny çekip beräý-dä.
─ Sen pişigiň suratyny näme etjek oglum?!
─ Syçanyň hinine bakdyryp goýjak.
* * *
─ Ene siz näme üçin gözüňize äýnek dakynýaňyz?
─ Hemme zady dürs görmek üçin oglum.
─ Onda şol dürs görkezýän äýnegi maňa-da beräýiň.
─ Sen äýnegi näme etjek?
─ Aman depderine hatlary düşnüksiz ýazýar. Şony dürs görüp menem göçürer ýaly.
* * *
Aýagyna geýen aýakgabynyň bagjyklaryny birikdirip, daňyp goýan Ahmetjikden ejesi soraýar:
─ Wii oglum, seniň edýäniň näme?
─ Eje men aýakgaplarym deň ýöresin diýip daňdym. Ýogsam büdrärin-dä.
***
Lukmanyň «Eger-de siz süýdi köpüräk içseňiz dişleriňiz patrak ýaly bolup çykar» diýeni ýadyna düşüp, Jahanjyk enesine maslahat berýär:
─ Ene, sizem köpüräk süýt içseňiz täze dişler çykar ─ diýip çyny bilen maslahat berýär.
***
─ Serdar näme üçin Gün diňe ýagtyda bolýar-a. Garaňkylykda bolsa ýitirim bolup, ýerine Aý gelýär?
─ Sebäbi Gün garaňkylykdan gorkýar.
***
Mugallym okuwçydan soraýar:
— Meret bagda näçe alma bar?
— Iki alma. Mugallym!
— Eger şol almalaň biri saňa bersem, onda bagda näçe alma galar?
— Hiç hili alma galmaz, mugallym.
— O näme üçin?
— Aý, sebäbi meň ýanymda jigimem barda.
* * *
Bügüljik jigisinden soraýar:
— Jigimjan, seret şu nämäniň suraty?
— Aýyň.
— Ýok. Gowja seret.
— Aýy.
― Aýyň suýaty diýdim-ä.
* * *
— Jigimjan asmana seret, näçe ýyldyz bar?
— On.
— Ýok. Täzeden sana.
— On diýdimä. Men diňe ona çenli sanap bilýänä.
***
Kakasy oglundan soraýar:
― Ýeri, oglum, sen aýt, bu gün mekdepde näçelik baha aldyň?
― Altylyk.
― O nähili?
Matimatika dersinden üçlik, taryh dersindenem üçlük-dä kaka.
***
Ejesi Gözele:
Erik, armyt, alma.
Süýji, köke, gant
— diýen ýazgyly kagyzy uzadyp, — Bar gyzym şulary satyn alyp gel, diýip dükana ugradýar. Kän wagt geçmänkä Gözeljik satyn alan zatlaryny ejesine görkezýär.
— Wii, gyzym, men erik diýdim, armyt diýdim hany olar? — Eje sen olaryň yzyndan «Alma» diýip ýazypsyňa…
***
― Aman, sen näme üçin synpdaşyň Amanyň gündeligini getirip, meň iş stolumda goýupsyň?
― Aý, kaka, senemaý familýasyny hökman okamalymaý. Menä diňe içindäki bäşliklere seredersiň öýtdüm.
***
Merdan jigisi Mergenden soraýar:
― Jigim sen kiçijik gurçuklary gördüňmi?
― Howa.
― Ana şol gurçuklar nirede ýaşaýarlar?
― Almanyň içinde.
***
Kemal synpdaşy Durdydan soraýar:
― Durdy, näme üçin syçanlar hemme zady gemirýärlerkä?
― Sen şolaryň gemirýänlerine begen. Hemme zady iýseler näme ederdik?!
***
Kerim krasswordy çözmek üçin eline galam alýar. Ýöne ähli soraglaryň jogabyny enesinden soraýar. Kakasy gelip:
Ýeri oglum, bularyň jogabyny kim bildi? Men kime kemput bermeli diýende —
Enem aýtdy, men ýazdym — diýip hantamalyk bilen jogap berýär.
***
Maral tikin tikip oturan enesine ýüzlenýär —
— Ene, men iňňe bilen däl-de temen bilen tikäýin!?
— Wii, näme üçin gyzym?
— Temen bilen tiksem men bahym bolaryn. Onsaň joralarym bilen oýun oýap bilerin-dä.
* * *
— Mekan, oglum, sen ol saralan ýapraklary näme edýäň?
— Eje, bularam edil almalar ýaly saralyp bişipdirler. Şonuň üçin ýapraklary ýygyp gölejigime berjek.
* * *
— Kaka, kaka, sen maňa owadan güliň suratyny çekip beräý!
— Bolýa gyzym, ýöne sen owadan güliň suratyny näme etjek?
— Eneme sowgat etjek.
* * *
Gawun iýip oturan Jemaljyk jorasyna ýüzlenýär ─
─ Maral, sen şu çigitleriň nämä gerekdigini bilýäňmi?
─ Howa, ol çigitler indiki gawunlaryň içine salmak üçin gerek.
* * *
— Jeren, gyzym, bu gün türkmen dili sapagynda nämeleri öwrendiňiz?
— Sorag sözlemini.
— Hany, onda aýt gyzym.
— Eje, sen maňa kemput aldyňmy?!
***
Mähriniň özünden kiçi jigisi gapda galan iň soňky kempuda elini uzadyp aglaýar. Mährijik bolsa jigisine:
― Jigim jan, kempudy diňe men ulular iýmeli. Me, saňa, gurjajyk ― diýip mekirlik edýär.
***
― Salam, buzgaýmak satýan daýy! Maňa buzgaýmak beräýiň!
― Bolýar, ýöne haýsy görnüşinden gerek?
― Sowukdälinden!
Berdiliýewa Gunça, Aşgabat säheri
Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin
Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==
“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!
https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==