GENERAL

Adamyň özüne görä

Garry adam dynç alşa çykdy we bir kollejiň töwereginden öý tutundy. Ilkibaşda rahat we asuda ýaşanam bolsa, güýzüň gelmegi bilen okuw ýyly başlandy.

Okuwyňň başlan ilkinji gününden, sapaklardan boşan okuwçylar ala-zenzele bilen ýoluň gyrasyndaky zibil bedresini depip geçerdiler. Çagalaryň gohy birnäçe gün dowam edenden soň, garry munuň öňüni almak hakynda pikir etdi.

Ertesi çagalaryň sesi öýüne eşidilip başlanda , garry gapynyň öňüne çykyp, olary saklap, şeýle diýdi:

– Siz örän akylly çagalara meňzeýäňiz, özüňizem şeýle şadyýan. Menem siziň ýaşyňyzdakam edil siziňki ýaly goh etmekden lezzet alardym, siz maňa ýaşlygymy ýatladýaňyz. Eger siz günde şu ýerden şeýle goh edip geçseňiz, men size her gün 1 dollar bererin.

Bu teklibe çagalar begendiler we her gün bu ýagdaýy dowam etdiler. Birnäçe gün geçenden soň garry ýene olaryň öňünden çykyp:

-Çagalar, pulsuzlyk maňada täsirini ýetirip başlady, men size mundan soň 50 sent berip bilerin – diýdi.

Çagalar göwünli-göwünsiz bu teklibe razy boldular we ýene birnäçe gün goh etmeklerini dowam etdiler. Bir gün garry ýene olaryň öňünden çykdy:

-Çagalar, men heniz pensiýamy alamok, şonuň üçin men size 25sent berip bilýän, bolýamy?-diýdi.

Çagalaň biri:

-Bolanok jenap, bir günde 25 sentjik üçin size şu işi edip berer öýdýäňizmi?! Biz işi taşlaýas…

Adamlardan isleýän zadyňyzy almak isleýän bolsaňyz, olara öz islegiňiz boýunça däl, olaryň islegleri bilen çemeleşiň.

Ýene-de okaň

Türkiye, Turkmenistan discuss cooperation in migration sphere

Working visit of the Rector of the Yagshygeldi Kakaev International Oil and Gas University to the People’s Republic of China

How to Make the Most of İstanbul During the 2026 UEFA Europa League Final

On the visit of the Turkmenistan delegation to the Republic of Uganda

Turkmen youth presented the richness of national culture at an international festival in Beijing

Speaker of Milli Majlis Sahiba Gafarova meets with Speaker of Majlis of Turkmenistan whilst in Bukhara