“Ugurdaş Şemal”

Sözbaşyny goşa dyrnaga almagymyz geň galdyran bolmagy ähtimal. Ýa-da siz oňa asla üns hem beren dälsiňiz?! Bularyň haýsysy hem bolanlygynda zyýany ýok. Biz bu gün söhbetimizde sözbaşyny gönümel manysynda ulanmanlygymyzy bildirmek üçin goşa dyrnaga aldyk. Biziň bu günki söhbedimiz bolsa halypa hem şägirt, halypalyk we şägirtlik barasynda bolar.

Halkymyzyň arasynda haçan döränligini anyk aýdyp bolmajak, “Halypasy bolmadygyň şägirdi bolmaz” diýen dana jümle ýaşap gelýär. Göräýmäge üýtgeşik bir zat däl ýaly hem bolsa, şägirdi bolmasa ýaşan ömri puja çykjak adamlaryň hem barlygyny unutmaly däl. Bu esasan hem öz ömrüni ylyma, döredijilige, ussaçylygyň dürli görnüşlerine bagyşlan adamlara aýratyn degişlidir. Ozalam bir danadan: “Allanyň iň uly sowgady nämedir?!” diýip soranlarynda ol: “Akyldyr!” diýip jogap beripdir. Hawa, Magtymguly atamyz bolsa bu dana pikiri “Söz akylyň şaýadydyr!” diýip dowam edýär. Adamynyň, onda-da döredijilik adamsynyň sözleri onuň akylynyň we aň derejesiniň diňe bir şaýady däl-de, eýsem kepilnamasy bolýar. Adam öz ady bilen halka ýaýan her bir sözüniň jogapkärçiligini ömri tamam bolanyndan soň hem çekýänligini hiç wagt ýatdan çykarmaly däl. Eger-de “Iliň güýji, siliň güýji” bolsa, onda sözüň güýji, ömrüň güýji diýip çekinmän aýtsa bolar. Çünki Magtymguly ýaly ulus illeriň ykbalyny şygryna baglap bilen şahsyýetlere taryhda kän gabat gelmek bolýar. Özi hem bu ähli halklara we milletlere degişli hakykatdyr.

Ýürekdeş dostum bilen arada biziň eramyzyň birinji asyrynda ýaşap geçen belli filosof, alym, syýasatçy, ýazyjy-dramaturg Seneka hakynda gürrüň etdik. Senekanyň belli tragediýalary bilen institut döwrümde tanyşlygym bar hem bolsa, onuň ýazyjy hökmünde döreden eserleri bilen kän bir içgin tanyşlygym ýokdy. Dostum maňa bu beýik ýazyjynyň has başgaça tarapyny açmagyma kömek berdi. Hawa, men hut şol günden başlap Senekanyň “Lussiliýa ahlak hatlary” (“Нравственные письма Луцилию” elbetde terjimäni men şeýle atlandyrmagy dogry hasap etdim. Başgaça hem bolup biler!) atly kitabyny okamaga başladym. Men bir tarapdan-a özümi bu kitapdaky şägirde sargyt edilýän zatlaryň ählisini diýen ýaly durmuşda ýerine ýetirmekde gabat gelýänligim üçin bagtly duýdum, beýleki bir tarapdan bolsa, bu kitaby okamakda beýle gijigenligim üçin özümi juda betbagt saýdym.

Geliň ilki bu täsin eser barada, onuň döremeginiň sebäpleri barada gysgaça tanyşalyň! Bu eser Lussiý Anneý Senekanyň öz döwürdeşi we atdaşy, Sissiliýanyň prokurory Lussiliýa ýazan hatlarydyr. Jemi 24 hatdan ybarat bolan bu eser olaryň hakykat ýüzünde alyşan hatlary esasynda taýýarlanypdyr. Ýöne soňlugy bilen  filosofik pikirler we garaýyşlar bilen has baýlaşdyrylypdyr. Seneka Lussiliýanyň hakyky stoik, ýagny biziň eramyzdan ozalky 300-nji ýylda dörän akymyň doly derejeli wekili bolmagyny gazanmak isläpdir. “Stoisizm” diýilip atlandyrylan bu akymyň wekilleri hakyky suhangöýler, dilewarlar, filosofiýadan, jemgyýetçilik ylymlaryndan doly habarly adamlar bolup, olar durmuşy görüpçiliksiz, arassa kalply, ynsaply, yzasyz ýaşamaklygy gazanmaklyga çagyrýan adamlar bolupdyrlar. Il arasynda uly hormat-sylaga eýe bolan bu adamlar döwrüň saýlama şahsyýetlerine öwrülipdirler.

Hawa, Seneka öz şägirdini hut şeýle adamlaryň hatarynda görmeklik isläpdir. Seneka juda sada sözler bilen şägirdine durmuşda gaty möhüm zatlary, ömrüň esasy özenini sargyt edýär. “Sen hemişe adamlaryň arasynda gezeniňde saňa hamala ynsan gözleri däl-de, Hudaýyň gözi seredýän ýaly hereket et! Hudaý bilen bolsa, edil adam bilen gürleşýän ýaly gürleş!”. Bu ýigrimi asyr mundan ozal aýdylan sözler! Bu sözleri ýene iki müň asyr soňra aýtsaň hem möwritini ýitirip, täsirini gaçyrar öýdemok. Hakykatdan hem eger-de biz içimizde adalatyň dabaralanjakdygyna bolan ynam hem ynsabymyz bilen hereket etsek gaty kän ýalňyşlyklarymyzyň öňüni alyp bilerdik. Biziň käbirimiziň bilip ýa-da bilmän goýberýän käbir säwliklerimiz bolsa köp ýerde bir topar adamynyň ykbalyny kesgitleýär. Bu bolsa äwüp-säwüp gowulyga bolaýsa-ha, ne ýagşy!

Ine şol säwlikleri goýbermezlik üçin hem bize durmuşyň içinde “gaýnap, bişen” halypanyň maslahaty juda zerurdyr. “Lussiliýa sen adamyny tanamakda ejir çekýän bolsaň, dilegini jemagatda çekinmän dile getirip bilýän adamlaryň ýanynda bolgun! Erbet dilegli adamlar hiç haçan daşyndan sesli dileg edip bilmezler!”. Hawa, biziň halkymyzda hem “Içimi tap”, “Içi güjükli” adamlary halamaýarlar. Şadyýan, ýüregindäki dilinde adamlary hemmeler sylaýar. Olaryň hemişe dosty-ýary kän bolýar. “Dost ýüzüňe” diýen sözem bar. Ine hakyky halypanyň şägirdine öwretmeli esasy meseleleriniň biri hem şu. Seneka ýene-de öz döwürdeşine, şägirdine “Köpçülikden özüňi halas et! Men bu barada kän oýlandym. Sen ýeke bolanyňda has hem ajaýyp açyşlary edersiň. Saňa ýekelik gaty kän zady berer. Sen pikir etme, ýeke galmak hemmelere maslahat berilmeýär! Çünki içi gara pikirli adamlar ýeke galanlarynda olarda has hem garalygyň köpelmegi, hat-da köpçülige düzedip bolmajak derejede zyýan getirmek ähtimallygy ýokarlanýar. Sebäbi adam öz-özi bilen galanynda ondan iň içindäki gizlin pikirleri çykýar. Men indi seni tananymdan soňra saňa ýeke galmaklygyň diňe haýyrly boljakdygyna düşündim.” diýýär. Hawa bu pikir bilen hem ylalaşmazlyk asla mümkin däl! Sebäbi dünýäde yz goýan ýazyjy-şahyrlaryň ählisi hem özleriniň beýik eserlerini ýekelikde, ýalňyzlykda, hut ýürek seslerini özleri diňleýän pursatlarynda döredipdirler.

Ynsanyň iň inçe duýgularynyň taryny tirňildedip döreýän eserleriň ömri çäksiz bolýar. Edil hakyky halypanyň ömrüniň şägirtlerinde dowam edişi ýaly! Özümiň durmuşymy we döredijiligimi timarlaýan hakyky halypaly bolmak bagtyna eýedigime şu eseri okap ýene-de bir gezek tüýs ýürekden buýsandym. Hakyky halypa maslahatyny diňlemekligi durmuş endigine öwürmek bizi gaty kän säwliklerden halas edýär. Halypam Atajan Taganyň şygryýet, döredijilik, ömür, durmuş, maşgala, çaga, dost-ýar… islendik meseledäki berýän maslahatlaryny hakyky durmuşyň “dersleri” hökmünde kabul edip “okap” ýörenime eýýäm eslije wagt geçipdir. Sanasaň on barmaga doly ýetmejek hem bolsa, bu ýyllaryň halypamyň sapaklary bilen beren tejribesini meň ömrümden soňam sanajakdyklaryna ynamym uly. Çünki hakyky halypa durmuş deňzinde ugurdaş şemal ýaly saňa onuň tejribesini ulanyp, öz güýjüň bilen dogry ýola düşmegiňi gazanmaga kömek edýär. Bu müňlerçe ýyllar ozal hem şeýle ekeni… Senekanyň hatlary baradaky söhbedimiz bolsa, indi başlanýar mähriban dost!

Gülşirin HANOWA.

Gülşirin Hanowa Türkmenistanyñ Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniñ radioýaýlymlar boýunça baş utgaşdyryjysy.

Ýene-de okaň

Representatives of the Mejlis of Turkmenistan participated in a meeting of the Dialogue of Women Leaders of Central Asian Countries, held in Tashkent

A telephone conversation was held between the Heads of the Foreign Ministries of Turkmenistan and the Kingdom of Morocco

The Foreign Ministers of Turkmenistan and Egypt discussed key aspects of cooperation by telephone

The Foreign Ministers of Turkmenistan and Romania held telephone talks

Ambassador of Turkmenistan to Romania was interviewed about the 30th Anniversary of Turkmenistan’s Permanent Neutrality

Tashkent Hosts the Consultative Meeting of the Heads of State of Central Asia

Kazakh National Agrarian Research University celebrates 30th anniversary of Turkmenistan’s Neutrality

A Round Table Dedicated to the 30th Anniversary of Turkmenistan’s Permanent Neutrality held in Ankara

The Ambassador of Turkmenistan to Belgium participated in the EU-Central Asia Dialogue on Afghanistan

Ata Watan Eserleri

UNDP and Ministry of Communications Launch the International Startup Forum 2025 at TurkmenTel–2025 Conference

UNDP facilitates the signing of strategic agreement to advance digital transformation of public administration in Turkmenistan

“Makul Dictionary” Now Available on iOS for Children and Adults

Dr.Döwran Orazgylyjov

An agreement was signed between Turkmenistan and the Asian Development Bank on financing the construction of a secondary medical educational institution

First train on Russia-Iran cargo route covers 4000km in 12 days

China’s leading engineering corporations’ delegation holds series of meetings in Turkmenistan

Harvest Festival in Turkmenistan: Triumph of Farmers and the Bounty of the Land

Great Milestone in Maritime History of Turkmenistan – First Domestically Built Cargo Ship Launched

Turkmenistan President’s Visit to Washington: Participation in the C5+1 Summit, Series of Meetings, Turkmen-American Business Forum

Türkiye welcomed 50 million visitors and generated USD 50 billion in tourism revenue during the first nine months of 2025.