GENERAL

Transfer üçin 889 million ýewro

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynda gyşky möwsümde futbolçy transferleri üçin 889 million ýewro sarp edildi. Ýewropanyň futbol çempionatynda transfer üçin iň köp maliýe serişdeleri Angliýanyň milli çempionatynda sarp edildi. Möwsümiň iň gymmat oýunçysyny “Mançester Ýunaýted” topary satyn aldy.  

KPMG kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, Angliýanyň “Preimer Liga” milli çempionatynyň toparlary gyşky möwsümde futbol satyn almak üçin 227 million ýewro sarp etdiler. Bu döwürde 41 futbolçy satyn alyndy.

Bu ugurda ikinji orny Italiýanyň “Seria A” çempionaty eýeledi. Italiýanyň toparlary 80 futbolçy üçin 214 million ýewro sarp etdiler.

Üçünji orny Germaniýanyň “Bundesliga” çempionaty eýeledi. Nemes toparlary 40 futbolçy üçin 195 million ýewro çykdajy etdiler.

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda 46 futbolçy üçin 129,5 million ýewro, Fransiýanyň çempionatynda bolsa, 40 futbolçy üçin 123 million ýewro sarp edildi.

Gyşky möwsümiň iň gymmat oýunçysy Portugaliýanyň “Sporting” toparynyň oýunçysy Bruno Fernandes boldy. “Mançester Ýunaýted” topary bu oýunçyny 55 million ýewro satyn aldy. “Ýuwentus” toparynyň “Atalanta” toparyndan 35 million ýewro satyn alan oýunçysy Degan Kulusewski gymmat futbolçylaryň sanawynda 2-nji orny eýeledi.

“Real Madrid” topary Rieinier Jesus we “Tottenham” topary bolsa Stewen Bergwijn üçin 30 million ýewro sarp etdiler.

Geçen ýylyň gyş möwsüminde  Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlary futbolçy transferleri üçin 653 million ýewro çykdajy edipdi.

Ýene-de okaň

The delegation of Turkmenistan participates in the 82nd session of ESCAP

Turkmen Proverbs Published in English in the United States

Dr.Döwran Orazgylyjov

China to enhance quality, efficiency of energy cooperation with Turkmenistan: vice premier

China to advance high-quality development of all-round cooperation with Turkmenistan: vice premier

Sun, Sand, and 2,000 Years of Story: Discover Antalya’s Ancient Riviera

Turkmenistan and CNPC Sign Contract for the Development of Phase 4 of the Galkynysh Field