WORLD

Hindistan Russiýadan 2 million tonna nebit alar

Russiýanyň “Rosneft” kompaniýasy bilen Hindistanyň “Indian Oil Corporation Limited” şereketiniň arasynda nebit ylalaşygyna gol çekildi. 2020-nji ýylyň ahyryna çenli Hindistana 2 million tonna barabar rus nebiti iberiler. Nebit Russiýanyň Noworossiýsk portundan ugradylar.

 – Bu ylalaşyk “Rosneft” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri Igor Seçiniň saparynyň çäklerinde gazanyldy. Bu saparyň çäklerinde Hindistanyň nebit we gaz ministri Dharmenra Pradhan bilen duşuşyk geçirildi – diýlip, rus kompaniýasynyň beýanatynda bellenilip geçilýär.

Russiýada döredilen «East oil» taslamasyna Hindistanyň kompaniýasy hem gatnaşmakçy. Bu babatda hem ylalaşyk gazanyldy. “East oil” taslamasy Russiýanyň Krasnoýarsk sebitiniň nebit ýataklaryny öz içine alýar. Bu sebitiň umumy önümçiligi bir ýylda 50-100 million tonna deňdir.

Hindistan çig nebitiň 80 göterimini daşary ýurt bazarlaryndan satyn alýar. Hindistan 2018-2019-njy ýyllarda 23,5 million importy bilen Eýranyň iň uly müşderileriniň biri bolupdy.

Related posts

«Tepe Türkmen» eksport harytlarynyň sergisinde

vepa

Delegation of Turkmenistan participated to the 75th session of ESCAP

vepa

Recognised as the “Best New Development Project” at the MAPIC 2023 Awards, Galataport contributes to its neighbourhood Karaköy’s fame as İstanbul’s centre of attraction