Birleşen Arap Emirlikleriniň meşhur işewürlik hem-de syýahatçylyk şäheri hasaplanýan Dubaýda şu ýylyň 24-25-nji fewralynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2020” atly halkara forumy geçiriler. Bu halkara forumyna gatnaşmak üçin dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan hökümet wekiliýeti bilen bir hatarda kompaniýalaryň, guramalaryň we söwda şereketleriniň 80-sinden 200-den gowrak wekilleriň gatnaşmaga isleg bildirendigi mälim edildi. Dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň hökümetiniň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky maýa goýum taslamalary barada pikir alyşmaga mümkinçilik alarlar.
2 günlük forumda ara alnyp maslahatlaşyljak mowzuklar şeýle:
- Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarnamaly uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek:
- Ozalky ýataklara ikilenç önümçiligi amala aşyrmak üçin täze tehnologiýalar ornaşdyrmak üçin maýa goýumlary çekmek:
- Özleşdirilmegi kyn bolan ýataklara maýa goýumlary çekmek:
- Gazhimiýa taslamalaryna maýa goýumlary çekmek:
- Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň nobatdaky tapgyrymy amala aşyrmak:
- Beýleki maýa goýum taslamalary.
Iri nebitgaz forumynyň çäklerinde daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň milli nebitgaz kompaniýalarynyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşmaga hem-de hyzmatdaşlyk etmek we maýa goýum meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik alarlar.