GENERAL

GDA-nyň oýunlary tomusda

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýurtlarynyň arasynda täze sport ýaryşy badalga alýar. GDA-a agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň 2019-njy ýylda kabul eden kararyna laýyklykda, şu ýylyň tomsunda Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde sportuň 21 görnüşi boýunça ilkinji gezek GDA-nyň oýunlary geçiriler. Bu giň göwrümli sport bäsleşigi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn ysnyşykly gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin netijeli meýdança öwrüler.

GDA ýurtlarynyň oýunlary guramaga degişli meseleler GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň şu ýylyň 3-nji fewralynda geçirilen ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşyldy. şeýlelikde bu oýunlary 2020-nji ýylyň 20-27-nji awgusty aralygynda geçirmek göz öňünde tutuldy.

Oýunlary GDA döwletleri iki ýyldan bir sapar gezekleşip, 10 günüň dowamynda  kabul ederler. Oýunlara GDA agza däl döwletlerem gatnaşyp bilerler.

Oýunlaryň düzgünnamasyny we ýaryşlaryň maksatnamasyny ýaryşlary gurnaýjy ýurt kesgitleýär.

Kazandaky GDA ýurtlarynyň oýunlary sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriler: armrestling, badminton, basketbol, boks, guşakly göreş, kuraş, suwda oýnalýan top, sport daşy, dzýudo, woleýbol (plýaJ woleýboly), sambo, sport göreşi, stoluň üstünde oýnalýan tenis, taý boksy, tans sporty, karate, mas-restling, suwda ýüzmek, gimnastika, futbol (futzal), gylyşlaşmak we küşt.

Oýunlara 3,5 müň türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. 230 medal toplumy ugrundaky ýaryş 13 sport desgasynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Cooperation Discussed on the “Karabakh” and “Akhal-Teke” Horses

The synchronisation of the development of the Baku and Turkmenbashi ports has been discussed

Turkmen School Students Participate in a STEM Olympiad in Astana

National Leader of the Turkmen People Congratulates President of Azerbaijan and Prime Minister of Armenia on Receiving the “Zayed Award for Human Fraternity”

Olympic Council of Asia Signs Host City Contract for the 2029 Asian Winter Games in Almaty

Turkmenistan and UAE to Develop Economic Cooperation Program