GENERAL

Men dünýäniň aşygy

Durmuşyň gurluşyna haýran galaýmaly, haýyryň ýanynda şer hem bar, kynçylygyň ýanynda ejizligem tapylaýýar. Ýagşylygyň bar ýerinde ýamanlygam, sabyrlylygyň ýanynda gahar hem ýüze çykyp dur. Dünýa diňe mertlerden düzülmändir, namartlar-da az däl. Mydama we hemme ýerde adalatlylyk höküm sürse, bolaýmajakmy?  Ýöne biadyllyk-da özüniň bardygyny käte duýdurýar.

Ýöne bir gowy tarapy ynsan gylyk-häsiýetlerin tarapyny tutanda,ol ynsanlygyna galýar. Gowy kisilerin,mert gerçeklerin koplüginin, haýyr hem ýagsy islerin agdyklygynyn, adalatyn baýdagynyň belentde parlaýandygynyň hatyrasyna dünýämiz parahat, asmanymyz arassa, ilimiz rahat.’’Dünýäni parasatly kişileriň paýhasy saklaýar’’ diýlen aýtgy tüýs durmuş hakykatydyr. Goý, mydama şeýle-de bolsun.

Hakykatdan-da, her ynsanyň bu gözel barlyga düşünişi, garaýşy bar.  Oýlanyp otursam kalbymyň pursatlar dünýäsine dolanmadygyma epesli wagt bolupdyr. Men köňül ýaýlamyň müň owüşgünli duýgularyna gark bolup, birsalym dünýe hakynda çuňňur oýlara batyp oturdym. Elbetde, meniň dünýe hakynda diýýän oý-hyýallarym älem ummanynyň ýekeje damjasyça-da ýokdugyna düşünýarin. Ýöne men dünýäniň gozüne ilmeyän-de bolsam, dünýä meniň üçin daglardan beýik belentlik, uç-gyraksyz ýalazy meýdan, anyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ruhy giňişlik. Dünýe müň owaza hem müň sowala beslenen asman. Dünýe müşki anbary tebigatyň burnuny kansyradýan hoşboýluk.  Dünýe-näşüküre’’ şükürli bol’’, hyýallardan azaşana ‘’Oý-pikirli bol’’ diýip seslene Arşy seda. Dünýä sagyndan gözlesen, çepinden çykýan, solundan yzlasaň, depäňden bakýan  yşky peýkerdir. Bu peýkere kimler aşyk bolup aklyndan jyda düşdi. Dünýe bir görsen mähribanlyk, ýürekdeşlik , bir seretsenem gazap darkaş. Dünýe bir gezek ýaşap otäýmäge ýönekeý bir giňişlik ýaly gorünse-de, onun bir içine düşeniňden soň, ol seniň eňter-pelegiňi aýlaman, müň synagdan müňbir ezmaýyşdan geçirmän, garaz müň otükden, müň petikden otürmän, seni ozünden daşlaşdyraýmaýar. Şonun üçin hem dünýäde ýasamagyň sungatyny öwrenmeli. Mydama öwrenip öz aň ýetirişini baýlaşdyryp durmaly.                                      

Gulagyma alyslardan şeýle ses gelýär. Belki bu ‘’hüw-hak’’ diýip ýola çykan derwüş galandarlaryň sesidir. Kimlerden bize miras galan eý köne dünýä, gadymy heňňam. Men seni tanajak bolup, serede-serede gözlerimin nury gitdi. Tanap bilmedim. Men sana ýaranjak bolup, egbarlaý-egbarlaý, dyzlarymyň ysgyny gaçdy. Ýaranyp bilmedim. Dünýe sen bir nowbahar jenan, men seniň başyny daşlara urdum. Daglar lerzanlady. Sen elenmediň. Men senden jyda düşerin öýdüp gorkup gözlerimin owasyny ýaslara doldurdym. Daglardan däli siller akdy. Dünýe – sen bir spektakl. Ynsanlar onuň gahrymanlary. Bu spektaklda her kim öz oýunlaryny oýnap, birsalym hezil bermeli. Oýunçylar garrasa-da, oýun garramaýar. Sonun üçin hem bu äpet spektaklyn oýunçylary set müň sapar çalyşdy. Ýöne sen öňki. Dogurdan hem dünýäniň tomaşasyny özüne ykbal edinip entek ondan ýadadym diýýänä ýok. Her kim dünýäniň aşygy. Oňa gol uzatsaň näzenine öwrülip yşkynda serlerini sämeder. Ony tutjak bolsaň, bir gorsen ýanyňda bir seretseň salgymda görner. Yzynda ylgap-ylgap  surnugyp süýnersiň. Şonda ol ýene ozüne maýyl edip, saçlaryny ýaýyp, müň näz bilen ýeň astyndan äňeder. Ondan son şol näzeniniň yzynda däli-diwana bolup ylgar ýorersin. Entek ol jenany gola salan, guş bolup ganat perine galana yok. Elbetde şeýle bolmadyk bolsa’’Dünýe bir hoşsurat owadan gyzdyr, ele düşmez aşyk bolanyň galar’’ diýip Magtymguly Pyragy ýüreginden syzdyryp ýazmazdy.  Ýöne muňa  gelip ýaşamakdan bizar bolup, dady perýat edip dünýeden meýletin çykyp barýanam ýok. G.Ezizowyň ‘’Kim diýipdir pany diýip jahana, ýaşanyna  juda degýär bu dünýä’’ diýen setirlerine diň salýaryn.  Men ozüme maslahat berýärin bu barlykda owadan ýaşasyn gelýän bolsa, dünýe bilen doslaş. Sen gülüp baksaň, ol sana yşky jebir sütemlerinden uçmah döredip berer. Köşeşme , gownüm, çyrpyn, tolkun, güwwülde. Däli tolkunlaryň güwwüldäp asmana göterilsin. Sen bu älemde ähli yşky muhabbetliklere dahylly bol. Dünýe meniň gownüme degse, men ondan yşk ýasap giden barlygy däli-diwana bolup söýerin. Daglara çykyp’’Eý dünýe’’ hany seniň gözbasyň, hany seninň magşaryň /  Hany seniň çykalgaň/ Eýsem men seniň içine haýsy gapydan girip, nireden düşdüm / Nireden seniň daşyna çykaýyn/ Belki-de senden hiç haçan ýitip gitme  ýokdur.

Sowallar. Aklyňy haýran ediji oýlar. Başym aýlanýar. Aslynda başym däl daşymdan dünýä aýlanýar.  Gowusy mundan artyk dünýäniň hikmetini gözlemäýin. Ony menden öňküler hem tapyp bilmediler. Men şu güne çenli ötegçi ykballaryň içinde ýaşap, bir hakykata göz ýetirdim . Dünýäni pany saýsan ol-pany , bakylyk saýsan hem aňyrsyna gözüň ýetmeýän giňişlik. Has anygyny dünýä panymy bakylykmy ony wagtyn özi aýdar. Berlen täleýime hemra bolup ýaşabereýin.Çünki dünýe hakdaky oý-pikirler püre-pür doldurylan meýli-bada çalymdaş. Diňe ýekeje zat – dunýäde arassa, tämiz, ynsaply, lebizli, ygrarly, bir söz aýdanyňda , dogry ýaşamagy öwrenmeli. Ana şonda az salymam bolsa, dünýäniň ýadynda galarsyň. Azama, azaşma, düşüniksiz pikirlere ulaşma , ýat gülleriň pürçüklerine çolaşma. Dünýäniň yşkyna duşup, diňe munda söýüp hem söýlüp ýaşa, köňlum. Çünki dünýäni söyseň hem oňa ozüni söýdürmäni başarsaň, ol mydama seniňki bolar.

Gunça  Nazarowa

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

Ýene-de okaň

Turkmenistan: Digital transformation gains momentum

British universities show interest in cooperation with Turkmenistan

The visit of the UNDP Resident Representative in Turkmenistan to Dashoguz velayat

Turkmenbashi refinery complex received four ISO certificates this year

Turkmen fuel and energy complex tests a Russian reagent for soil purification

Minister: Türkiye considers transit of Turkmen gas through Azerbaijan possible