GENERAL

Täsin, ýöne peýdaly aksiýa

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda täsin aksiýanyň başy başlandy. Oňa görä, ýurtda bir hepdäniň dowamynda smartfonyny ulanmadyk adama 1000 dollar berilýär.

CBS-niň ýazmagyna görä, şol bir hepdäniň dowamynda ýönekeý telefonlary ulanmaga rugsat berilýär. Bu täsin aksiýa «Frontier Communications» internet-prowaýderiniň mahabat aksiýalarynyň bir bölümidir.

Bu aksiýa her kim gatnaşyp bilýärmi? Bu sowala «Hawa» diýip jogap bermek kyn. Çünki gatnaşmak isleýän adamlar ýörite saýlawdan geçmeli. Ol saýlaw toparynyň öňünde özüniň näme üçin şu maksada gelendigini we aksiýa gatnaşmaga mynasypdygyny 100 ― 200 çemesi sözüň üsti bilen subut etmäge synnayşmaly. Toparyň makul gören her bir adamy aksiýa gatnaşyp biler.

Ýene-de okaň

UN Avaza Forum: Signing of a Package of Documents

Youth Forum in Awaza: Empowering Young Voices for the Future of Landlocked Developing Countries

Parliamentary Forum in Awaza

UN Secretary-General Arrives in Turkmenistan to Discuss Global Issues

Prime Minister of Nepal leaving for Turkmenistan

A telephone conversation of Turkmenistan and the Republic of Seychelles