GENERAL

Täze ýokary okuw mektebi dörediler

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisini geçirdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hususy pudagy işgärler bilen üpjün etmek üçin bazar ykdysadyýetiniň ýokary derejeli hünärmenlerini taýýarlaýan ýokary okuw mekdebini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu maksat bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen bilelikde degişli guramaçylyk işleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda kiçi we orta işewürlik kärhanalarynyň sanynyň, telekeçilik düzümleriniň barha köpelýändigini belledi. Şoňa görä-de, menejment, marketing hem-de beýleki ugurlar boýunça hünärmenleri hünär taýdan taýýarlamaga degişli täze ýokary okuw mekdebiniň açylmagy döwrüň talabydyr.

Döwlet Baştutanymyz dünýä derejesinde göz-garaýşy, strategiki pikirlenilişi hem-de durmuş taýdan jogapkärçiligi bolan, jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň ösmegine uly goşant goşmaga ukyply halkara derejeli işewürleri kemala getirmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary we okatmagyň usullaryny peýdalanmak, tejribeli mugallymlary çekmek bilen işewürlik biliminiň innowasion gurşawynyň döredilmegine ünsi çekdi.

Mahabat

Okuw resminamalaryň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

Makul Hyzmat  Terjime Merkezi

Aşgabat Ofis

+993 63 78 96 73

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com   

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Türkmenabat Ofis

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

 

Türkiýede okamak üçin maslahat almak üçin Atawatan Danyşmanlyk LTD ýüz tutup bilersiňiz

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul 

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com        

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

IMO Atavatan : +90 532 401 71 52

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

Telefon : +90 212 550 61 49 (Türkiye)

Ýene-de okaň

Petronas Expands Investment Presence in Turkmenistan

Expanding trade relations between Turkmenistan and Pakistan discussed in Islamabad

A delegation from Turkmenistan held a series of meetings in Japan with representatives of science, education, and international cooperation

“Turkmennebit” and “PETRONAS” signed a Protocol on new investment projects

Baku port welcomes ‘Gadamly’ first dry cargo ship built in Turkmenistan

Turkmen, UK businesses launch five-day trade mission in London