GENERAL

Şaşka ýaryşy radioýaýlymlar arkaly şöhlelendirildi

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara Žurnalynyň, Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt-şaşka mekdebiniň hem-de «Atavatan Türkmenistan» halkara Žurnalynyň sportuň köpçülikleýinligini artdyrmak maksady bilen Žurnalistleriň arasynda geçiren şaşka ýaryşyndan söhbet açýan habarlar «Watan» radioýaýlymynda diňleýjilere ýetirildi. Bu ýaryşa gatnaşan Žurnalistiň çykyşy 2019-njy ýylyň 2-nji maýynda «Watan» radioýaýlymynyň «Habarlar» bölüminiň «Berkarar ýurdumyzda habarlar» gepleşiginde ýaýlyma goýberildi.

«Watan» radioýaýlymynyň «Nesil» bölüminde taýýarlanylýan «Sport dünýäsi» gepleşiginde bolsa 2019-njy ýylyň 3-nji maýynda (sagat: 20.00) Žurnalistleriň arasynda şaşka ýaryşy hakyndaky habary ýaýlyma goýbermek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de, «Çar tarapdan» radioýaýlymynyň habarçylarynyň hem bu bäsleşigiň geçişi hakynda habarlary taýýarlandygyny ýatladýarys.

Žurnalistleriň arasynda geçirilen şaşka ýaryşy «Makul Hyzmat» Terjime Merkeziniň hemaýatkärliginde guraldy.

 

Related posts

Deputy Foreign Minister of Turkmenistan visits the Slovak Republic

Turkmen President Meets UAE Vice President and Deputy Prime Minister.

Täze ýylda görkeziljek täze filmler

vepa