GENERAL

Fransiýada Lukman Hekimiň heýkeli açyldy

Gündogarda doglup, gündogarda ýaşap, gündogarda yly bilen meşgullanan hem bolsa, aklydar şahyrymyz Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn «dört müň dört ýüz ýaşan» Lukman hekimiň ― taryhyň iň görnükli alymlarynyň biri Abu Aly ibn Sinanyň meşhurlygy bütin dünýä ýaýrandyr. Bu gün ösen lukmançylyk ylmy hem köp babatda taryhyň iň güýçli lukmanlarynyň biri bolan bu şahsyýetiň işlerine daýanýar.

Ýakynda Fransiýanyň Rýuýeý Malzemon şäherinde Abu Aly ibn Sinanyň heýkeli açylydy diýip özbek metbugaty habar berýär. Bu heýkel Ýewropanyň görnükli alyma goýýan beýik hormatynyň nobatdaky nyşanydyr.

Habarda aýdylyşyna görä, heýkeliň açylyş dabarasyna Merkezi Aziýa döwletlerinden hem myhanlar gatnaşdy.

Related posts

Expanding trade relations between Turkmenistan and Pakistan discussed in Islamabad

Gurbanguly Berdimuhamedov arrives in Azerbaijan

Türkmen Liderinin Yeni Kitabı Tanıtıldı

vepa