WORLD

Žurnalistler çaý başynda

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Žurnalistleriň arasynda geçirilýän sport ýaryşlarynyň ahyrky gününde Aşgabat şäherindäki “Bagtyýarlyk” sport toplumynda çaý başyndaky söhbetdeşlikler boldy. Ol ýerde ýaryşlara gatnaşyjylar, eminler, guramaçylar üçin birnäçe nygmatlar hödürlenildi. Metbugat işgärlerini bir saçagyň başyna jemlän “Bagtyýarlyk” sport toplumynyň agzybir işgärleri “Köpugurly suw toplumyndaky” mümkinçilikler bilen hem tanyşdyrdylar. Umuman, ýaryşyň yzy döredijilik duşuşygyna ýazdy diýsek hem ýalňyşmarys. Geljekde-de, türkmen Žurnalistlerini bir saçagyň başynda jem görjek pursatlarymyzyň kändigine ynanýarys.

Related posts

Türkmen Lideri Daşoğuz’da

vepa

USAID YDA Invites Employers to TechYouth Bootcamp Job Fair in Turkmenabat

Balkanabat’ta 100 metre yüksekliğinde bayrak direği dikildi

vepa