GENERAL

Ankarada syýasy geňeşmeler geçirildi

2019-njy ýylyň 13-nji martynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň baştutanlygyndaky wekiliýet Ankara geldi.

Türk tarapynyň wekiliýetine Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklar boýunça müdirliginiň başlygy Ilçi Ýönet Jan Tezel baştutanlyk etdi.

Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, esasan iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar baradaky meselelere garaldy, şeýle hem sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplar bu ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha berdiler we geljekdäki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi barada belläp, taraplar geljekde bu ugurda özara ylalaşykly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bu çarçuwada ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti we wajyp orny barada aýratyn bellenilip geçildi. 

Şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Taraplar bu babatdaky hyzmatdaşlygy has hem işjeňleşdirmegiň we iki ýurduň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. 

Geňeşmeleriň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meselelere hem seredildi. Taraplar bu meseleler boýunça, hususan-da ählumumy wehimlere we howplara garşy bilelikdäki göreşi güýçlendirmek boýunça garaýyşlary beýan etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda, Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýawuz Selim Kyran bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar dürli ugurlarda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşygyň ýagdaýyna seljerme geçirdiler. Türkmen tarapynyň bu gatnaşyklary deňhukukly ýörelgeler esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge we giňeltmäge taýýardygy nygtaldy. Türk tarapynyň hem dost-doganlyk gatnaşyklaryny hemme ugurlarda has-da ýaýbaňlandyrmaga uly ähmiýet berýändigi bellenip geçildi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň raýatlarynyň özara gelip gitmekleri bilen bagly meseleler hem aýratynlykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

A High-Level Round Table on the Trans-Caspian Transport Route Held at the European Parliament

The Consul General of Turkmenistan met with Secretary General of the Organization of Turkic States

Secretary‑General appoints Xiaojun Grace Wang of China as the United Nations Resident Coordinator in Turkmenistan 

Arts Echoing Among Glorious Ruins: Opera and Ballet Performances in Türkiye’s Ancient Cities

Turkmenistan strengthens trade and economic dialogue with the Republic of Türkiye

A Flower-Laying Ceremony at the Monument to Magtymguly Fragi Held in Ankara