GENERAL

TV 8 satylýarmy?

Türkiýeli Ajun Ylyjalynyň ýolbaşçylygyndaky «TV 8» teleýaýlymyny köpiňiz bilýän bolsaňyz gerek. Meşhur media işewüriniň başda durmagynda täsirli gepleşikler bilen muşdaklaryny artdyran ýaýlymyň satylýandygy baradaky käbir habarlar hem gulagyňyza ilen bolsa gerek. Ýakynda Ajun Ylyjaly bu habarlaryň aňyrysynda ýatan hakykaty aýdyňlaşdyrdy diýip, türk neşirleri ýazýar.

Ajun Ylyjaly 1990-njy ýylda MNG media topary tarapyndan döredilen, ýöne işi ugrubermeýän ýaýlymy 2013-nji ýylda 70 million dollara satyn alypdy. Geçen ýyllaryň içinde «Surwaýwor», «Türkiýäniň sesi» ýaly köp sanly täsirli gepleşikleri, bäsleşikleri bilen millionlarça tomaşaçy gazanan ýaýlymy satyn almak üçin, aslynda, käbir teklipler geldi. Häzir bu ýaýlymyň üç sany müşderisi bar.  Ýöne heniz olaryň hiç biri bilen hem söwdalaşylanok. Satyn almak isleýänleriň arasynda Azerbaýjanyň «Global Media» topary hem-de «Medical Park» hassahanalar toplumy hem bar. Häzir ýaýlyma 210 million dollar baha kesilýär.

 

Ýene-de okaň

Prime Minister of Nepal leaving for Turkmenistan

A telephone conversation of Turkmenistan and the Republic of Seychelles

UN Awaza forum: The World’s Attention Will Be Centered on Awaza

Ata Watan Eserleri

Turkmenistan and Uzbekistan Foreign Ministers Discuss Strategic Partnership in Phone Call

Baku hosts Turkmenistan and Azerbaijan 8th meeting of the Joint Intergovernmental Commission

Turkmenistan Pavilion at EXPO 2025 in Osaka Attracted Over a Million Visitors