GENERAL

Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşyk

2019-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnakyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar, 2008-nji ýylyň 19-njy dekabryndan bäri ýola goýulan, Türkmenistanyň hem-de Energetika Hartiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek bilen bagly soraglaryň hataryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, 2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda kabul edilen, hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Energetika Hartiýasynyň arasyndaky özara düşünşmeklik baradaky Memorandumyň çäklerinde, Türkmenistanyň wekilleriniň EH-nyň Sekretariatynda tejribelik geçmeklik meselesine seredildi.

Energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy häzirki wagtda döwletleriň durnukly ösüşlerini, ähliumumy parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy görkeziji faktorlarynyň biridigini bellemek bolar. Şul nukdaý-nazardan ugur alyp, Türkmenistan, soňky ýyllaryň dowamynda, energiýa ulgamynda öňdebaryjy döwletleriň biri bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerine çekip, maksada okgunly daşary syýasatyny alyp barýar.

Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen Energetika Hartiýasynyň konferensiýasynyň 28-nji sessiýasynyň ähmiýetliligini hem-de netijeliligini belläp geçip, taraplar 2019-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi we Gündogar Aziýada sebitleýin energetika hyzmatdaşlygynyň maksatlaýyn toparynyň 15-nji mejlisini (RECCA) geçirmek baradaky soraglara seretdiler.

Ýene-de okaň

PETRONAS Marks 30 Years in Turkmenistan with New Agreements to Advance Strategic Growth

Turkmen Ambassador Meets With Georgia’s Minister of Internal Affairs

Yazdursyn Gurbannazarova participated in the International Ombudsmen Summit in Baku

Turkmenistan and Malaysia Sign Milestone Agreements to Deepen Strategic Oil and Gas Partnership

Delegation of Turkmenistan Participates in the 11th General Assembly of the States Parties to the UNESCO Convention for the Safeguarding of the Intangible Cultural Heritage

Young firefighters’ competition held in Gokdere