GENERAL

5G tizlik aprelde geler

«Samsung» kompaniýasynyň 5G tizlikde işleýän internet mümkinçiligi boljak telefonlarynyň mart aýynda çykmagyna garaşylýardy. Ýöne köstsüz, tankyt gelmejek tehnologiýany hödürlemek üçin kompaniýa ýene birnäçe hepde garaşmagy saýlady. Indi 5G telefonlary bilen aprel aýynda tanşyp bileris.

Kompaniýadan berlen beýanata görä, häzirki zaman internetiniň iň ýokary tizligini üpjün edip biljek ilkinji android ― «Galaxy S10» bolar. Ýöne «Samsungyň» bäsdeşleri hem ondan kem oturanok. «LG Electronics» hem täze «V50»-sinde 5G ýokary tizligini üpjün eder.

Ýeri gelende, «Galaxy S10»-uň geçen aýda San-Fransiskoda we Londonda tanyşdyrylyş dabaralarynyň bolandygyny ýatladýarys.

Related posts

Türkmen telekeçileri üçin eksport seminary

vepa

Asya 1. Ju Jitsu Şampiyonasında Şampiyonlar belli olmaya başladı

vepa

The International University of Industrialists and Entrepreneurs – New Private University Opens in Turkmenistan